TÜRKMEN-EÝRAN BILIM GATNAŞYKLARY: ÝOKARY OKUW MEKDEPLERINIŇ HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRILÝÄR

315
28-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Eýran Yslam Respublikasynda bolup, Prezident Masud Pezeşkian hem-de Beýik ruhy lider Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýi bilen gepleşikleri geçirdi. Bu saparyň çäklerinde medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyň ara alnyp maslahatlaşylmagy, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň türkmen halkynyň Milli Liderine pars diline terjime edilen «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitaby sowgat bermegi aýratyn guwandyryjydyr.

Iki ýurduň hormatly döwlet Baştutanlarynyň tagallalary bilen türkmen-eýran ylym-bilim gatnaşyklary häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, yzygiderli ösdürilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň 30-31-nji maýynda Eýran Yslam Respublikasyna iki günlük iş saparynyň çäklerinde «S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Gürgen oba hojalyk ylymlary we tebigy serişdeler uniwersitetiniň (Eýran Yslam Respublikasy) arasynda bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama» gol çekildi. Şeýle-de 2018-nji ýylyň 27-nji martynda «S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Maşadyň Ferdöwsi adyndaky uniwersitetiniň (Eýran Yslam Respublikasy) arasynda ylym-bilim babatda özara hyzmatdaşlyk barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnama» kabul edildi.

Olara laýyklykda, özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça bilelikde ylmy barlaglary geçirmek; okuw sapaklaryny geçmekde we ylmy barlaglary ýerine ýetirmekde innowasion usullary, tehnologiýalary ulanmak hem-de okuw-ylmy işlerini kämilleşdirmegiň ugurlary boýunça iş tejribesini alyşmak; mugallymlary, ylmy işgärleri we talyplary alyşmak; umumy okuwlary, ylmy maslahatlary, simpoziumlary, hünär okuwlaryny geçmäge professor-mugallymlar düzümini we ylmy işgärleri çekmek; bilelikde ylmy makalalary, monografiýalary, ylmy işleriň ýygyndylaryny, okuw-usuly gollanmalary çap etmek; ýokary okuw mekdepleriniň binýadynda, garamagyndaky ylmy merkezlerinde talyplaryň hünär ugurlaryna laýyklykda önümçilik tejribeliklerini guramak we geçirmek ýaly dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyň giň mümkinçilikleri açylýar.

Ýeri gelende bellesek, 2022-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Gürgen Oba hojalyk ylymlary we tebigy serişdeler uniwersitetiniň ýolbaşçysy bilen bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek barada gepleşikler geçirildi. 

2023-nji ýylyň 27-nji noýabry — 1-nji dekabry aralygynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň wekilleri, Eýran Yslam Respublikasynyň Gürgen oba hojalyk ylymlary we tebigy serişdeler uniwersitetiniň çakylygy esasynda, goňşy ýurduň Gülüstan welaýatynyň Gürgen şäherinde gulluk iş saparynda boldular. Iş saparynyň dowamynda Gürgen oba hojalyk ylymlary we tebigy serişdeler uniwersitetine barlyp, ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçylary, Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Onda iki ýurduň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklary, iki ýokary okuw mekdebiniň arasynda gol çekilen Ähtnamany durmuşa geçirmegiň ugurlary hakynda pikir alşyldy. Iki ýurduň hormatly döwlet Baştutanlarynyň tagallalary bilen türkmen-eýran ylym-bilim gatnaşyklarynyň häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, yzygiderli ösdürilýändigi nygtaldy.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Gürgen oba hojalyk ylymlary we tebigy serişdeler uniwersitetiniň arasynda bilim, ylym we medeni hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnamanyň çäklerinde geljekde professor-mugallymlary, talyplary alyş-çalyş etmek, okuw sapaklaryny geçmekde we ylmy barlaglary ýerine ýetirmekde innowasion usullary, tehnologiýalary ulanmak hem-de okuw-ylmy işleri kämilleşdirmegiň ugurlary boýunça iş tejribesini alyşmak ugrunda hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda pikir alşyldy.

Bu ýerde guralan ylym-bilimde, oba hojalygynda ýetilen sepgitlere bagyşlanan sergä gatnaşylyp, uniwersitetiň professor-mugallymlar düzüminiň we talyp ýaşlarynyň ylmy-barlag işleri hem-de ýurduň telekeçileriniň öndürýän önümleri bilen tanşyldy. Uniwersitetiň fakultetleri we kafedralary, tejribehanalary, bölümleri, professor-mugallymlar düzümi bilen tanyşlyk guraldy. Gürgen şäheriniň Innowasiýalar merkezine barlyp görüldi we alymlar, ýerli häkimiýetiň wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi. 

Eýran Yslam Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary ýurdumyzda, şol sanda uniwersitetimizde geçirilýän çärelerdir bäsleşiklere işjeň gatnaşýarlar. Şu ýylyň iýun aýynda Gürgen oba hojalyk ylymlary we tebigy serişdeler uniwersitetiniň mugallymy Dr.Musawi uniwersitetimiziň guramagynda geçirilen «Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň orny» atly halkara ylmy-taslama bäsleşiginiň açylyş dabarasyna wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşyp, gutlag sözi bilen çykyş etdi. Şeýle-de bu ýokary okuw mekdebiniň talyby Ataşpaz Behnaz bäsleşikde baýrakly 2-nji orna eýe boldy.

Şeýle-de saparyň çäklerinde sebitiň ekerançylyk meýdanlaryna, nahalhanalaryna, ýyladyşhanalaryna, tejribehanalaryna barlyp görüldi we tejribeler bilen tanşyldy. Ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, beýik işleri rowaç bolsun.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm