1-nji ÝYL TALYPLARYMYZYŇ ÝÜREK BUÝSANJY

502
Hormatly Prezidentimiziň 2024-nji ýylyň 12-nji iýulynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Ýokary okuw mekdeplerine zehinli, mynasyp ýaşlary kabul etmeli. Giriş synaglaryny guramaçylykly we adalatly geçirip, jemgyýetçilik gözegçiligini ýola goýmaly» diýip beren tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzyň hünär bilim ojaklaryna, şol sanda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetine zehinli, mynasyp ýaşlar okuwa kabul edildi. Olaryň aglabasynyň mekdep okuwçylarynyň we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilýän ders bäsleşikleriniň, sport ýaryşlarynyň ýeňijileridigi hem-de ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet tejribesini toplan zähmetsöýer ýaşlardygy aýratyn bellenmäge mynasyp. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda «S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby» adyna eýe bolan ýaşlar ýürek buýsanjyny şeýle beýan edýärler:

Gurbanbibi GULOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň ösümlikleri goramak hünäriniň 1-nji ýyl talyby:
— Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda bagtyýar talyp bolandygyma buýsanýaryn. Magtymguly atamyz pähim-paýhasa ýugrulan şygyrlarynyň birinde: «Ýerinde hünäri, işi gerekdir» diýip, ýaşlara hünär öwrenmegi sargyt edip geçipdir. Ýurdumyzda ýaşlaryň bilim derejelerini yzygiderli ýokarlandyrmaga, hünär öwrenmäge ähli şertler bar. Uzakmöhletleýin döwlet maksatnamalarynyň esasynda ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamak boýunça çäreler durmuşa geçirilýär.

Oba hojalygyny, tebigy ugurlary gowy görýändigim üçin ösümlikleri goramak hünärini saýladym. Geçen ýyllarda biologiýa dersinden geçirilen ders bäsleşiklerinde, internet olimpiadalarynda baýrakly orunlara mynasyp boldum. Döwletimiziň bilim ojaklarynda daşary ýurt dillerini öwrenmek meselesine aýratyn üns berilýär. Şol sebäpli hem rus, iňlis dillerini öwrenýärin.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde geçirilen «Açyk gapylar» gününe gatnaşyp, bu ýerde döredilen şertler bilen ýakyndan tanyş bolup, uniwersitetiň talyby bolmagy arzuw edipdim. Arzuwym hasyl boldy. Hormatly Prezidentimiziň Arkadag şäherinde uniwersitetimiziň täze binalar toplumyny döretmek başlangyjy hem bizi diýseň buýsandyrýar.

Bize şeýle giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!


Döwletjan ŞATLYKOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby:
— «Hünärli ýigit — miweli agaç», «Ýigide müň dürli hünär hem az», «Ýigit görki — hünär» diýen pähimleri döreden pederlerimiziň sargytlaryna eýerýän ýaşlarymyz ylym-bilim öwrenýärler. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda talyp bolmak bagtyna eýe bolandygyma diýseň buýsanýaryn.

Men mekdepde okan ýyllarym S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň geçirýän bäsleşiklerine yzygiderli gatnaşdym. Şu ýyl informatika dersinden guralan ders bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda ýeňiji boldum. Bu üstünligim maňa kalbymda beslän arzuwyma ýetmäge — talyp bolmagyma kömek etdi.

«Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşigine informatika dersi boýunça gatnaşyp, 2021-nji ýyldan bäri üstünlik gazanyp gelýärin. Geçen ýyl bu bäsleşigiň döwlet derejesinde ýeňiji boldum.

Diýarymyzda ýaşlaryň halkara bilim olimpiadalaryna gatnaşmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Sanly bilimiň durmuşa ornaşdyrylmagy internet arkaly geçirilýän halkara bäsleşikleriň we mekdep okuwçylarynyň arasyndaky internet ders olimpiadalarynyň netijeliligini ýokarlandyrýar. Şu ýylyň birinji ýarymynda okuwçylar we talyp ýaşlar halkara ýaryşlarda, internet olimpiadalarynda ýüzlerçe medal gazandylar. Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde mekdep okuwçylarynyň arasynda halkara matematika olimpiadasy guraldy. Men geljekde-de şeýle bäsleşiklere işjeň gatnaşmagy maksat edinýärin.


Söhbet HOJAMSEÝIDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň gidromeliorasiýa hünäriniň 1-nji ýyl talyby:

— Ýaşlar — döwletiň nurana geljegi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine zehinli ýaşlaryň okuwa kabul edilip, hünär öwrenmekleri üçin döredilýän şertler muny aýdyň tassyklaýar. Özüm oba hojalyk pudagy bilen gyzyklanýan bolsam-da, «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşigine, şeýle-de goşgy, düzme ýazmak boýunça geçirilýän döredijilik bäsleşiklerine hem yzygiderli gatnaşyp, baýrakly orunlary eýelemegi başardym. Ylym-bilim almaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de döwlet Baştutanymyza alkyşlarymyzy aýdýarys.


Yhlas GOÇYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň tokaý we seýil bag hojalygy hünäriniň 1-nji ýyl talyby:
— Men Aşgabat şäherindäki 92-nji orta mekdepde bilim aldym. Synplarda geçilýän dersleriň arasynda tebigat, biologiýa, botanika, himiýa derslerine aýratyn höweslidim. Oba hojalygyny, tebigy ugurlary gowy görýändigim üçin bu hünäri saýladym.

Geçen okuw ýylynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde geçirilen «Açyk gapylar» gününe gatnaşdym. Bu ýerde döredilen şertler bilen ýakyndan tanyş bolup, şonda-da şu ýokary okuw mekdebiniň talyby bolmagy arzuw etdim. Arzuwymyň hasyl bolmagy hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesil barada edýän aladalarynyň netijesi diýip düşünýärin.

Nesip bolsa, ýurdumyzyň gözel tebigatynyň ösümlik we haýwanat dünýäsini aýawly saklamak, goramak hem-de olary baýlaşdyrmak bilen bagly meýilnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine öz goşandymyzy goşarys.


Allanur SERDAROW, 
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby:
—Maňa şu ýyl Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar talyby bolmak bagty nesip etdi. Men «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Ahal welaýatynyň Sarahs etrabyndaky 11-nji orta mekdebi tamamlap, öň hem birnäçe bäsleşiklerine gatnaşyp, ýeňiji bolan ýokary okuw mekdebime okuwa kabul edilendigime buýsanýaryn.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän ýylynda talyp bolandygyma diýseň begenýärin. Akyldar şahyryň «Bolan-bolmuş hünärleri bildim tut», «Ýigit ussadyndan öwrense hünär», «Kitap gören gullar magnydan dokdur» diýen sözleri biziň durmuş ýörelgämizdir.

2024-nji ýylyň 16 — 18-nji aprelinde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde guramagynda ýurdumyzyň takyk ugurly derslere ýöriteleşdirilen umumybilim berýän orta mekdepleriniň 10-njy we 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda II matematika we fizika internet olimpiadasy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň çar künjeginden 350-ä golaý okuwçy gatnaşdy. Men bu uniwersitetiň guran internet olimpiadasynda matematikadan 1-nji orna eýe boldum. 

Meniň takyk ylmy ugurlara bolan höwesim buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit (oba hojalygynda) taýýarlyk ugruny saýlamagyma sebäp boldy. Bu bäsleşigiň ýeňijileriniň birnäçesiniň ýokary okuw mekdepleriniň talyby bolmaklary başymyzy göge ýetirýär. Biziň gazanýan üstünliklerimiz döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda görülýän çäreleriň miwesidir.

Geljekde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwlet taglymatlaryny goldaýan, ýurdumyzyň oba hojalygynyň ösüşlerine mynasyp goşant goşjak hünärmenleriň biri bolup ýetişjekdigime ynandyrýaryn. 

Milli bilim ulgamynyň beýik ösüşleriniň başynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, ähli tutumlary rowaç bolsun.

Aýgül BABAGULYÝEWA, 
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby:
— Men «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabyndaky 26-njy orta mekdebi üstünlikli tamamlap, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby bolmak bagtyna eýe boldum. Arzyly arzuwyma ýetmegime mekdep ýyllarynda gazanan netijelerim uly goldaw berdi. Okuwçy döwrümde matematika, ekologiýa, iňlis dili, fizika dersleri boýunça internet olimpiadalarynda birnäçe baýrakly orna eýe boldum. «Altyn asyryň altyn zehinleri», «Iň eýjejik gyzjagaz» bäsleşiklerine gatnaşyp, etrap tapgyrlarynda üstünlik gazandym. 

Şu ýyl «Güneş» žurnalynyň redaksiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde yglan eden «Magtymguly Pyragy — köňülleriň çyragy» atly döredijilik bäsleşiginde hekaýa ýazmakda 3-nji orna mynasyp boldum.

Ýurdumyzda oba hojalykçy hünärmenleri taýýarlamaga uly üns berilýär. Şu ýyl S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde magistr maksatnamasy boýunça oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy, zootehniýa taýýarlyk ugurlarynyň açylmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Men hem geljekde buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit (oba hojalygynda) taýýarlyk ugry boýunça bakalawr maksatnamasy esasynda ýokary bilim alyp, ata Watanymyza gerekli hünärmenleriň biri bolup ýetişerin. 

Ýaşlara giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Şöhrat REJEPOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň oba hojalygy (inžener­mugallymlary taýýarlamak) hünäriniň 1-nji ýyl talyby:
— «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ak mekdebi tamamlap, ýurdumyzyň baýry ýokary okuw mekdebi S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby boldum. 

Meniň bu bagta eýe bolmagymda okuw dersleri boýunça taýýarlygym bilen birlikde, sportda gazanan üstünliklerim uly goldaw berdi. 2013-nji ýyldan bäri uşu sanda boýunça türgenleşýärin. Sportuň bu görnüşi boýunça Hytaýda, Gyrgyzystanda, Özbegistanda 2023-nji ýylda geçirilen halkara ýaryşlarda öňdäki orunlara eýe boldum. Türkmenistanyň açyk birinjiliklerinde, açyk çempionatlarynda, döwletimiziň we paýtagtymyzyň Kubogyny almak ugrundaky ýaryşlarda, Aşgabat şäheriniň çempionatynda yzygiderli ýeňiş gazandym. 

Uniwersitetde hem talyp ýaşlary bedenterbiýe we köpçülikleýin sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek boýunça netijeli işleriň geçirilýändigine şaýat boldum. Bu ýerde Milli Liderimiziň: «Geljegimiz bolan ýaşlara berjek nesihatym: sporty söýüň! Sport güýç-gaýratdyr, gözellikdir we sagdynlykdyr. Sporta bolan söýgi durmuşa bolan söýgüdir. Sport siziň beden we ruhy sagdynlygyňyz babatda bolşy ýaly, tutuş jemgyýetimiziň sagdynlygy üçinem örän möhümdir» diýen sargytlaryndan ugur alyp, türgenleşiklerimi dowam ederin. 

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmelere jogap edip, geljekde oňat okap, ýokary taýýarlykly inžener­mugallymlar bolup ýetişeris. Döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan giň gerimli bilim özgertmeleriniň geljekde hem uly rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Medet MÄTEROW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň bagbançylyk, miweçilik we gök ekerançylyk hünäriniň 1-nji ýyl talyby:
— «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly meniň durmuşymda iň bir şatlykly, şowly ýyllaryň biri boldy. Şu ýyl Aşgabat şäherindäki 70-nji orta mekdebi tamamlap, ýokary bilim almaga hukuk gazandym — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar talyby boldum.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň möhüm şerti hökmünde milli bilim ulgamy dünýä ülňülerine laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär. Garaşsyz Diýarymyzyň hünär bilim ojaklarynyň sany yzygiderli artdyrylýar we olar häzirki zaman kompýuterleri, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilýär. Şeýle döwrebap şertlerden netijeli peýdalanýan ýaşlarymyz uly üstünlikleri gazanýarlar.

Men hem Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ýurduň umumybilim berýän ýöriteleşdirilen mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda robot tehnikasy, takyk we tebigy ugurly okuw dersleri boýunça yglan edilen ylmy-döredijilik bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda 2 gezek 3-nji orna eýe boldum. «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşigine biologiýa dersinden gatnaşyp, etrap tapgyrlarynda üstünlik gazandym. Taýýarlan işim bilen ÝUNISEF-ň guran robot festiwalynda ýurdumyz boýunça 250 taslamanyň içinde 3-nji orna mynasyp boldum. Şeýle-de maňa Aşgabat şäheriniň umumybilim berýän ýöriteleşdirilen orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda robot tehnikasy, tebigy we takyk ugurlar boýunça geçirilen bäsleşiklerde 2 gezek 1-nji ýer berildi. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ylmy-taslama, döredijilik işlerimi dowam edip, bagbançylyk, miweçilik we gök ekerançylyk boýunça bilimleri, sanly tehnologiýalary içgin özleşdirmegi maksat edinýärin.

Ýaş nesilleriň döwrebap ylymly-bilimli bolmagy ugrunda beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary hemişe aman bolsun!

Merjen AKMYRADOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň tikinçilik önümçiliginiň tehnologiýasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby:
— Il içinde «Hünär — akar bulak, ylym — ýanar çyrag» diýilýär. Arkadag şäherine göçüp gelen ýylymyz — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda meniň hünär öwrenmek, ylym-bilimimi kämilleşdirmek hakynda arzuwlarym hasyl boldy. Giriş synaglaryny üstünlikli tabşyryp, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň tikinçilik önümçiliginiň tehnologiýasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby boldum. Bu hoş habar biziň maşgalamyz üçin goşa şatlyga öwrüldi. 

Türkmenistan — ýaşlara giň mümkinçilikleriň açylýan, olaryň arzuwlarynyň wysal bolýan ýurdy. Okuwçy döwrüm «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşigine geografiýa dersinden gatnaşyp, baýrakly orna eýe bolmagym, iňlis, ýapon dillerini düýpli öwrenmegim meniň üstünlik gazanmagyma ýardam etdi. 

«Ýaşlaryň şäheri» bolan Arkadag şäherinde ýaş hünärmenleriň işlemegi, bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşamaklary üçin ähli şertler döredilen. Hormatly Prezidentimiziň Arkadag şäherinde Oba hojalyk uniwersitetiniň binalar toplumyny gurmak başlangyjy bizi has-da buýsandyrýar. 

Gahryman Arkadagymyzyň: «Men türkmen ýaşlaryna kalbymyň töründen orun berip, olary ezizleýärin. Olaryň başarjaňlygyna, zehinine, edermenligine, zähmetsöýerligine, ýiti üşükliligine, düşbüligine, dogruçyllygyna, döredijilikli işlemekde jöwher pähimliligine guwanýaryn» diýen sözleri biz — ýaşlary täze üstünliklere ruhlandyrýar. Bize uly ynam bildirýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary hemişe aman bolsun!

Güneş HÜSEÝINOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň tebigy süýümleri egirmek hünäriniň 1-nji ýyl talyby:
— «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda maňa orta hünär bilimimi ýokarlandyrmaga mümkinçiligiň dörändigine örän begenýärin. Döwletimizde üznüksiz bilim almaga, kämilleşmäge ähli şertler döredilýär.

Türkmen halky «Hünär eýesini eziz eder», «Hünärli — zor, hünärsiz — hor» diýen pähimleri döredipdir. Men ozal «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebinde dokmaçylyk we ýeňil senagat önümçiliginiň tehnologiýasy hünäri boýunça bilim alyp, Türkmenabat pagta egriji fabriginde operator bolup işledim. Bu ugurda öwrenenlerimi, toplan tejribämi S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň tebigy süýümleri egirmek hünärinde bilim alyp, has-da ösdürerin.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ugurlarynda, jemgyýetde we bilim-ylym ulgamynda, ýaşlaryň durmuşynda ägirt uly özgertmeler amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan bilim özgertmeleri oňyn netijelerini berýär. Munuň şeýledigini dünýäniň dürli künjeklerinde geçirilýän ylym-bilim bäsleşiklerine ýaşlarymyzyň işjeň gatnaşýandyklary we baýrakly orunlara mynasyp bolýandyklary aýdyň subut edýär. Ýurdumyzyň ýokary hünär bilimi edaralary halkara reýtinglere goşulýar. Olar daşary ýurtlaryň abraýly ylym-bilim ojaklary bilen bilim babatda hyzmatdaşlyk edýärler. Ýokary okuw mekdeplerimizde ÝUNESKO kafedralary hem-de klublary döredilýär.

Mähriban Arkadagymyzyň dürdäne eserleri, döwlet Baştutanymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaplary biz — ýaşlar üçin durmuşyň her bir pursatynda çelgi bolup, Watana, halka hyzmat etmegiň, kämil şahsyýet bolmagyň beýik nusgasyny salgy berýär.

Biziň ähli üstünliklerimiziň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, mertebeli başlarynyň hemişe belent bolmagyny, tutumly işleriniň uly üstünliklere beslenmegini arzuw edýäris.

Merjen SÄHETDURDYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň ýüpekçilik hünäriniň 1-nji ýyl talyby:
— «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly ýaşlaryň durmuşynda şatlykly wakalara beslenýär. Bilimler we talyp ýaşlar gününiň bosagasynda talyp bolmak bagtyna eýe bolmagym durmuşymda ýatdan çykmajak pursatlara beslendi.

Meniň mekdep ýyllarynda gazanan üstünliklerime ýokary baha berilmegi buýsanjymy goşalandyrýar. «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşigine türkmen dili we edebiýaty dersinden, şeýle-de şu ýyl «Ýylyň okuwçysy» bäsleşigine gatnaşyp, etrap derejelerinde baýrakly orunlara eýe boldum. «Iň oňat gyzlar gurnagy» bäsleşigine, internet olimpiadalaryna gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdim. 

Men sportuň dürli ugurlary bilen hem meşgullanýaryn. Ýeňil atletika, küşt we şaşka ýaryşlarynda hem yzygiderli ýeňiji boldum. 

Maşgalamyzda şu ýokary okuw mekdebini tamamlap, oba hojalygy, ýeňil senagat ugurlarynda abraýly zähmet çekýänleriň bolmagy bu ýerde hünär öwrenmäge höwesimi artdyrdy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, bilimleri, ylmyň dürli ugurlaryny özleşdirmek, il-ýurda mynasyp gulluk etmek beýik mertebedir. Ylym we bilim adama durmuş ýolunda üstünlik, abraý, sylag-hormat getirýän gymmatlykdyr, biziň şöhratly geçmişimizdir, bagtyýar şu günümizdir hem-de nurana geljegimizdir. Şeýle döwletli ýörelgelere, peder sargytlaryna eýerýän türkmen ýaşlary özlerini Garaşsyz Watanymyza, il-günümize wepaly, zähmetsöýer, ýokary ahlakly nesiller hökmünde tanadyp, halkymyzyň abraý-mertebesini has-da belende göterýärler. Ýurdumyzyň talyp ýaşlary ýokary tehnologiýalary, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini, «ýaşyl» ykdysadyýetiň ýörelgelerini düýpli öwrenýärler hem-de olar boýunça täze taslamalary öňe sürýärler.

Döwlet ýaşlar syýasatynyň rowaçlanmagy ugrunda uly tagalla edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli alyp barýan asylly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm