TOWUKLARYŇ IDEDILIŞI WE ÝETIŞDIRILIŞI DOGRUSYNDA ÇYKYŞLAR DIŇLENDI

1095
Golaýda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde professor-mugallymlaryň, talyp ýaşlaryň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň we beýleki myhmanlaryň gatnaşmagynda ylmy-tejribe duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň temasy towuklaryň idedilişi, ösdürilip ýetişdirilişi we olardan alynýan azyklyk önümleriň ähmiýeti barada boldy. Onda Döwlet Garaýew, Osman Ýeldiren dagylar maldarçylyk pudagynyň guşçulyk ugrunyň ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekdäki ähmiýeti, şeýle-de towuklaryň idedilişi dogrusynda çykyş etdi.

Hünärmeniň bellemegine görä, guşçulyk ilatyň ete we et önümlerine, şeýle hem towuk ýumurtgasyna bolan isleglerini doly kanagatlandyrmakda aýratyn orny eýeleýär. Dünýäniň köp ýurtlarynda guşçulyk ýokary gymmatlygy bolan berhizlik iýmit önümlerini we gaýtadan işleýän senagaty çig mal bilen üpjün edýändigi üçin, ol oba hojalyk önümçiliginiň beýleki görnüşleriniň arasynda esasy orunlaryň birini eýeleýär.

Towuklary köpeltmegiň esasy ýollarynyň biri ýörite niýetlenen enjamlary — inkubatorlary ulanmak arkaly köpeltmekdir. Temperatura inkubasiýanyň iň wajyp şertleriniň biridir. Inkubasiýa üçin iň amatly temperatura 37,5-37,7 gradus hasaplanylýar. Şeýle edilende ýumurtgalaryň zaýalanmazlygyna, jüýjeleriň çykyşynyň ýokary bolmagyna uly mümkinçilik berýär.

Hünärmeniň aýdyşy ýaly, towuklardan alynýan ýokary iýmitlik gymmatlygyna eýe bolan ýumurtga adam saglygy üçin juda peýdalydyr. Towuk ýumurtgasynyň düzüminde belok, köp sanly witaminler, fosfolipid hem-de karotinoid ýaly bioaktiw komponentler saklanýar. Şonuň üçin hem ýumurtga ýüregiň sagdyn bolmagyna, ganyň düzümindäki şekeriň derejesiniň kadaly saklanmagyna ýardam berýär.

Nobatdaky geçirilen ylmy-tejribe duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar tarapyndan towuklary idetmekde döwrebap tehnologiýalaryň we tehnikalaryň ähmiýeti, maldarçylyk pudagynyň guşçulyk ugrundan alynýan azyk önümleriniň adam saglygyna peýdasy dogrusynda pikir alşyldy.

Bibihatyja AŞYROWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 
Oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy
fakultetiniň Oba hojalygynyň guralyşy we dolandyrylyşy
kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52