KITAP OKAMAGYŇ BIRAÝLYGY GEÇIRILÝÄR

489
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň iýun aýynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde kitap okamagyň biraýlygy geçirilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynyň «Terbiýäniň çeşmesi — kitap» atly bölüminde geljekde ýurdumyzda kitaphon jemgyýeti ösdürmek maksady bilen, her ýylda kitap okamagyň biraýlygyny yglan etmek başlangyjy öňe sürülýär. Milli Liderimiz: «Biz her ýylyň sentýabr aýynda ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygyny yglan edýäris. Munuň örän netijeli bolandygyna hemmämiz şaýat. Edil şonuň ýaly, ýurdumyzda her ýylda kitap okamagyň biraýlygyny yglan etsek, has göwnemakul bolardy» diýip, öňdengörüjilikli we paýhasly başlangyjy öňe sürýär. Bu biraýlykda ýurdumyzyň ähli ýerinde: mekdeplerde, ýokary okuw mekdeplerinde, kitaphanalarynda, medeni ojaklarda, edara-kärhanalarda kitap bilen bagly çäreler geçirilse, iň möhümi bolsa — öýlerde kitap bilen baglanyşykly söhbetler, gürrüňler edilse, ýerine düşjekdigi nygtalýar. Şeýle-de, şol biraýlygyň dowamynda çeper okaýyşlar guralsa, diňe kitap hakyndaky pikir alyşmalar, birek-birege kitap sowgat bermek ýaly asylly we haýyrly işler ýola goýulsa, bu sogaply amalyň jemgyýetimiz üçin ähmiýetli ýörelgä öwrüljekdigi bellenýär. Gahryman Arkadagymyz: «Iň esasy zat bolsa, kitap arkaly jemgyýetiň gymmatly hazynasy bolan şahsyýeti kämilleşdirip, beýgeldip bolýar. Kitabyň ýene bir aýdyň hikmeti — her okalan kitap bizi bir basgançak ýokary göterýär» diýip belleýär.

Şu asylly başlangyçdan ugur alnyp, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynyň many-mazmunyny, Magtymguly Pyragynyň we beýleki beýik şahsyýetlerimiziň eserlerini wagyz-nesihat etmek, okuw ýylyny üstünlikli jemlemek hem-de talyp ýaşlaryň tomusky dynç alyş döwürlerini, boş wagtlaryny netijeli geçirmeklerini gazanmak, olaryň şahsyýetini, dünýägaraýşyny ösdürmek, kitaba söýgüsini artdyrmak maksady bilen kitap okamagyň biraýlygynda giň gerimli çärelere badalga berildi.

Hormatly Prezidentimiziň: «Biziň halkymyz kitaphon halk. Kitap okalyp, onuň mazmuny köpçülige ýetirilensoň, ol ruhy baýlyga öwrülýär» diýen sözlerinden ugur alnyp, uniwersitetde degişli kitaplar boýunça «Okamak — bereket, ýazmak — kuwwat, döretmek döwletdir» ady bilen ylmy nutuklaryň döredijilik bäsleşigi,  «Kitap ömrüňe many çaýýan iň bereketli desterhan» atly şygryýet bäsleşigi, «Meniň söýgüli eserim» ady bilen çeper eserleriň many-mazmunyny beýan etmek boýunça bäsleşik yglan edildi. Diller kafedrasynyň guramagynda «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda heýkelleri oturdylan daşary ýurtly söz ussatlarynyň eserlerine bagyşlanan «Kitap — iň gowy dost» atly bäsleşik hem dowam edýär.

Geçirilýän ylmy-amaly maslahatlaryň çäginde kitabyň geljegiňi nurlandyrýan, ýörejek ýollaryňa ýagtylyk saçýan şamçyragdygy hakynda bölümleriň işi guralýar. Uniwersitetiň ylmy gurnaklarynyň guramagynda «Adamzadyň geljegi — kitaby köp okaýanlaryň elinde» ady bilen talyplaryň hünär ugurlaryna degişli edebiýatlary okamak boýunça bäsleşikler geçirilýär.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Pähim-paýhas ummanynyň owazy» atly goşgular ýygyndysynyň neşir edilmegi biraýlyga ajaýyp sowgat boldy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52