UNIWERSITETIMIZIŇ WEKILLERI KOLUMBIÝADA YLMY-AMALY MASLAHATA GATNAŞDYLAR
3922024-nji ýylyň 4 — 7-nji iýuny aralygynda Kolumbiýanyň paýtagty Bogota şäherinde «UI GreenMetric» uniwersitetleriň halkara reýtinginiň 10-njy halkara ylmy-amaly maslahaty (THE 10th INTERNATIONAL WORKSHOP ON UI GREENMETRIC WORLD UNIVERSITY RANKINGS) geçirildi. Maslahata dünýäniň onlarça ýurdunyň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, professor-mugallymlary we hünärmenleri gatnaşdylar. Onda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Tehnologiýalaryň transfer merkeziniň başlygy Kadyr Amanow, Oba hojalygynyň mehanizasiýasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Ýaran Hudaýberdiýew, şeýle-de Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri ýurdumyza wekilçilik etdiler.
Maslahatyň geçirilmeginiň esasy maksady «UI GREENMETRIC WORLD UNIVERSITY RANKINGS» atly halkara uniwersitetleriň reýtingine gatnaşyjy ýokary okuw mekdepleriniň daşky gurşawy goramak, uniwersitetlerde «ýaşyl» syýasaty alyp barmak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça ylmy-barlag işlerini we medeni-köpçülikleýin çäreleri ara alyp maslahatlaşmakdan, bu ugurda ýerine ýetirilýän işleri has-da kämilleşdirmekden ybaratdyr.
Uniwersitetimiziň mugallymy «Sustainable production of organo-mineral fertilizer: effects on soil health» atly temada hem-de «UI GREENMETRIC WORLD UNIVERSITY RANKINGS» halkara reýtingine goşulmak üçin uniwersitetde alnyp barylýan işler dogrusynda çykyş etdi. Talybymyz bolsa «Development and implementation of a sustainable and innovative eco-sink technology to improve water management efficiency in domestic settings» atly temada çykyş etdi. Maslahat medeni maksatnama bilen utgaşdy.