EKOLOGIK TAÝDAN ARASSA ORGANOMINERAL DÖKÜNLERI ALMAGYŇ NETIJELI USULLARY MASLAHATLAŞYLDY
3092024-nji ýylyň 11-nji iýunynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersiteti bilen bilelikde «Oba hojalygynda ekologiýa taýdan arassa organomineral dökünleri almagyň netijeli we tygşytly usullary» atly okuw-usuly sapagy geçirildi.
Sanly ulgam arkaly geçirilen sapakda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Maldarçylyk önümlerini gaýtadan işlemek kafedrasynyň mugallymy Kadyr Amanow çykyş etdi. Oňa bilim ojagymyzyň Umumy himiýa kafedrasynyň professor-mugallymlary hem-de talyplary gatnaşdylar.
Sapakda organiki dökünleriň oba hojalygyndaky ähmiýeti, olaryň alnyş tehnologiýalary, şeýle-de oba hojalyk ekinlerine, topragyň gurplulygyna täsiri barada gürrüň edildi. Bu ugurda Umumy himiýa kafedrasynyň professor-mugallymlarynyň ýolbaşçylygynda talyp ýaşlaryň ýerine ýetirýän ylmy-barlag işleriniň netijeleri bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynda barlaghana şertlerinde alnan ekologiýa taýdan arassa organomineral dökünleriniň topragy gurplandyryjy häsiýetiniň uniwersitetiň agromeýdançasynda ylmy taýdan öwrenilendigi, topragyň hasyl berijiligine, dürli ösümliklere täsiri hakynda anyk maglumatlar beýan edildi.
Berdimyrat DURDYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň Oba hojalyk
önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň
Miwe-gök önümlerini gaýtadan işlemek
hünäriniň 2-nji ýyl talyby.