ÝYLADYŞHANADA POMIDOR ÝETIŞDIRILIŞI BARADA PIKIR ALŞYLDY
349Golaýda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde professor-mugallymlaryň, talyp ýaşlaryň, hünärmenleriň we beýleki myhmanlaryň gatnaşmagynda ylmy-tejribe duşuşygy geçirildi. Duşuşykda «Ýigit» hojalyk jemgyýetiniň agronomy Merdan Gurdow ýyladyşhanalaryň gurluşy, olarda pomidoryň ösdürilip ýetişdirilişiniň aýratynlyklary, ähmiýeti dogrusynda çykyş etdi.
Agronomyň gürrüň bermegine görä, ýyladyşhanalar klýonka, köp tunelli, howalandyrma ulgamynyň kebelek görnüşleri boýunça tapawutlandyrylýar. Döwrebap ýyladyşhanalarda klimat we suwarmak işleri innowasion tehnologiýalar arkaly awtomatiki ýagdaýda amala aşyrylýar. Ösümlik ösdürilip ýetişdirilende substrat, ýagny toprak hökmünde minwata we kokopit ulanylýar. Kokopitiň esasy aýratynlygy ulanyşdan galanlaryny ders hökmünde topraga garmak mümkinçiliginiň bolmagydyr. Bu bolsa daşky gurşawa zyýansyz önümçiligi alyp barmaga mümkinçilik berýär.
Ýyladyşhanalarda pomidor ösdürilip ýetişdirilende, ösümlik kesellemez ýaly arassaçylyk kadalary berk berjaý edilmelidir. Pomidoryň fotosintez hadysasyny gowy geçirip, ösüşiniň kadaly bolmagy üçin kömürturşy gazy goýberilýär. Suw ters osmos arkaly arassalanyp, birnäçe mineral dökünler bilen baýlaşdyrylýar we ekin damjalaýyn usulda suwarylýar. Ýyladyşhananyň içiniň howasynyň çyglylygy, ýylylygy elmydama gözegçilikde saklanylýar. Pomidor şitilleri 70-75 göterim çygly howada kadaly ösýär. Pomidor ösümliginiň güllerini tozgalandyrmak işi ýörite işçi arylaryň kömegi bilen ýerine ýetirilýär.
Ylmy-tejribe duşuşygynyň dowamynda tejribeli agronom ýyladyşhananyň arassalanmagy, dezinfeksiýa edilmegi, tohum ekmek, şitilleri ösdürip ýetişdirmek, şitilleri kublara geçirmek, kublary substrata geçirmek, dolamak, pudamak, ýaprak aýyrmak, şitilleriň öserini çirtmek, şitilleri ýyladyşhanadan çykarmak ýaly möwsümleýin işleriň doly we dogry alnyp barylmalydygyny belledi. Şeýle edilende bol pomidor hasylyny almaga, ýurdumyzyň içerki bazarlaryny azyk önümleri bilen doly üpjün etmäge, galyberse-de, daşary ýurtlara eksport etmäge uly mümkinçilik berýär.
Nobatdaky geçirilen ylmy-tejribe duşuşygynyň ahyrynda döwrebap ýyladyşhanalarda pomidor ösümligi bilen birlikde birnäçe oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň aýratynlyklary dogrusynda pikir alşyldy. Nygtalyşy ýaly, ýyladyşhanalarda dürli ekinleriň ösdürilip ýetişdirilmegi ýylyň islendik paslynda ýurdumyzyň bereketli bazarlaryny gök önümler bilen üpjün etmäge uly mümkinçilik berýär.
Hajymuhammet HOJAMÄDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň Oba hojalyk önümlerini gaýtadan
işlemek fakultetiniň Miwe-gök önümlerini
gaýtadan işlemek hünäriniň 3-nji ýyl talyby.