UNIWERSITETIMIZIŇ TALYP ÝAŞLARYNYŇ DÖREDIJIIK ÜSTÜNLIGI

270
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýaşlaryň ylym-bilimli, giň dünýägaraýyşly, milli gymmatlyklarymyza sarpa goýýan ussat hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin uly mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň: «Ýaşlaryň dünýä dillerini düýpli öwrenmegi, edebiýat we sungat bilen giňden meşgullanmagy üçin hem ähli şertleri döretmeli. Olaryň arasynda döredijilik bäsleşiklerini yzygiderli geçirip durmaly» diýen sözlerinden ugur alyp, ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarynyň arasynda birnäçe bäsleşikler yzygiderli geçirilip durulýar. Olara S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň zehinli talyp ýaşlary hem işjeň gatnaşyp, birnäçe baýrakly orunlara eýe bolýarlar.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem-de akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ösüşlere beslenýän täze taryhy döwrümizi wasp etmek, beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny giňden wagyz etmek, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny kämilleşdirmek, olary döredijilik gözleglerine we täze üstünliklere ruhlandyrmak maksady bilen, «Nesil» gazetiniň redaksiýasynyň hem-de  Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň yglan eden «Berkarar döwletiň ylham joşguny» atly döredijilik bäsleşigine işjeň gatnaşyp, uniwersitetimiziň Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Nury Sakçyýew I orna mynasyp boldy. Ýene-de şol bäsleşikde uniwersitetimiziň Agronomçylyk fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Aşyrgeldi Halmaýew III orny eýelemegi başardy.

«Nesil» gazetiniň redaksiýasy bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde yglan etmeginde her ýyl geçirilýän «Berkarar döwletiň ylham joşguny» atly döredijilik bäsleşigine uniwersitetimiziň ylhamly ýaşlary birnäçe oýlanmalary, goşgulary, hekaýalary hödürlediler. Çuň many-mazmunly eserleri bilen emin agzalaryň ýokary bahasyna mynasyp bolup, ýeňiji diýlip yglan edilen ýaşlar Hormat haty hem-de gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanyldy.

Biz hem talyplaryň gazanan bu üstünlikleri bilen tüýs ýürekden gutlaýarys! Bize okamaga, döredijilik äleminde belent sepgitlere ýetmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys!

Astanberdi DŽEPBAROW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen 
oba hojalyk uniwersitetiniň 
weterinar lukmançylygy fakultetiniň 
weterinar lukmançylygy hünäriniň 
3-nji ýyl talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52