YLMY-TASLAMA BÄSLEŞIGINIŇ ÝEŇIJILERINI SYLAGLAMAK DABARASY GEÇIRILDI

592
5-nji iýunda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli geçirilen «Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň orny» atly ylmy-taslama bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Bu bäsleşik «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda dabaraly bellenýän Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy we Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenistanyň Bilim, Oba hojalyk, Daşky gurşawy goramak ministrlikleri, Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde guramagynda ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda guraldy. 

Türkmenistanyň ylym-bilim ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmek, talyplaryň döredijilik ukyp-başarnyklaryny, ylmy gözleglere, hünärine bolan höwesini artdyrmak maksady bilen, ikinji gezek guralýan bäsleşigiň I tapgyryna ýurdumyzdan hem-de Özbegistan, Russiýa, Eýran, Gazagystan, Gyrgyzstan, Hytaý, Koreýa, Latwiýa, Malaýzia, Polşa, Çernogoriýa, Sloweniýa döwletleriniň ýokary okuw mekdeplerinden 130 iş hödürlenip, olar eminler topary tarapyndan içgin seljerildi. Netijede, onuň II tapgyryna 38 sany ylmy-taslama işiniň awtorlary gatnaşdylar.

Ikinji tapgyryň netijeleri boýunça 19 ylmy-taslama işiniň awtorlary ýeňiji diýlip yglan edildi. Olaryň 5-si daşary ýurtlaryň, 14-si ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň işleridir. Netijede, birinji orna 4, ikinji orna 6, üçünji orna 9 ylmy-taslama işi mynasyp boldy. Birinji orna mynasyp bolanlar W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersiteti federal döwlet býujet ýokary bilim edarasynyň,  S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyp ýaşlarydyr. Olar «AktinoBio» innowasion mikrobiologik döküniniň arid çäkde agroekoulgamlaryň fitosanitar optimizasiýasy üçin biologik täsirine baha bermek, miweli baglaryň ýokary hasylly sortlarynyň nahallaryny köpeltmegiň usullaryny işläp düzmek, galyndylardan taýýarlanan organomineral döküniň gök ekinleriň hasyllylygyna täsiri, nanotehnologiýanyň esasynda ösümliklerden nanoölçegli iýmit goşundylaryny taýýarlamak bilen baglanyşykly işleri bilen üstünlik gazandylar.

Şeýle-de ýeňijileriň arasynda Gürgen oba hojalyk ylymlary we tebigy serişdeler uniwersitetiniň, Daşkent irrigasiýa we oba hojalygynyň mehanizasiýasy institutynyň, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Türkmen oba hojalyk institutynyň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň talyplary bar.

Dabara gatnaşyjylar uniwersitetiň Medeniýet merkezinde ylmy-taslamalar, ýurdumyzda daşky gurşawy, biodürlüligi goramak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrýan sergiler bilen hem tanyşdylar. Onda ýokary okuw mekdebiniň «Altyn asyr» medeniýet merkeziniň çeper höwesjeňleri aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler. Ylmy-taslama bäsleşiginiň jemleýji dabarasyna gatnaşyjylar Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň ýolunda ýurdumyzy galkynyşlara, belent sepgitlere ýetirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleriniň hemişe üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.

Bäsleşigiň netijeleri bilen şu ýerden tanşyp bilersiňiz.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52