ÝURDUMYZDA KOFE ÖNÜMÇILIGI HAKYNDA ÇYKYŞLAR DIŇLENDI
356Golaýda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde professor-mugallymlaryň, talyp ýaşlaryň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gatnaşmagynda kofe önümçiligi barada ylmy-tejribe duşuşygy geçirildi. Duşuşykda «Markow» haryt nyşanly kofe önümlerini öndürýän «Toýly» hojalyk jemgyýetiniň esasy hünärmeni Arslan Baýramdurdyýew kofäniň ähmiýeti, ýurdumyzda alnyp barylýan önümçiligi dogrusynda çykyş etdi.
Hünärmeniň aýtmagyna görä, bu hojalyk jemgyýetinde daşary ýurtlardan import edilen kofe çig maly diňe bir gaplamak bilen çäklenmän, eýsem gaýtadan işlenip, dürli görnüşde satuwa çykarylýar. Önümçilikde ulanylýan çig mallar Indoneziýa, Braziliýa, Wýetnam, Malaýziýa, Awstraliýa, Efiopiýa ýaly döwletlerden getirilýär. Bu bolsa kofäniň dürli tagamly görnüşlerini öndürmäge mümkinçilik berýär. Kofe däneleri taýýarlanyş tehnologiýasyna baglylykda, 3 usulda, ýagny ýokary, orta, pes temperaturalarda gyzgynlyk bilen gaýtadan işlenýär we üwelýär. Öndürilen önümler 20 gram — 1 kilogram aralygyndaky gaplara gaplanyp, ýurdumyzyň içerki bazarlaryna satuwa çykarylýar hem-de daşary ýurtlara eksport edilýär.
Hünärmeniň gürrüň bermegine görä, kofe maýyl howa şertlerinde ösýän ösümlik bolup, onuň miwesiniň tagamy dürli ýerlerde tapawutlydyr. Ol, esasan, Afrikada, Hindistanda, Braziliýada, Çilide, şeýle-de Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň käbirinde giňden ýaýrandyr. Iň ýokary hilli we tagamly kofeler deňiz derejesinden 2000 metr beýiklikdäki ýerlerde ösýär. Şeýle belentlikdäki maýyl howaly ýerlerde kofe haýal ýetişip, miwesini ýylda bir gezek berýän bolsa, adaty ýerlerde ol dört gezek hasyl berýär.
Dünýäde kofäniň esasy dört sany sorty tapawutlandyrylýar. Olara arabika, robusta, ekseliýa we liberika degişlidir. Dünýäde kofe agaçlarynyň umumylykda 50 sany görnüşi mälim bolsa-da, olardan diňe arabika we robusta önümçilikde has giňden peýdalanylýar. Kofe önümçiliginiň 70 %-i arabika bolsa, galan 30 %-e golaýy robusta kofeleridir.
Kofäni çendenaşa köp içmek, ajy edip demläp içmek ýürek we aşgazan kesellerine getirip bilýär. Kofäni ajöze içmek hem iýmit siňdiriş ulgamyna bellibir derejede özüniň zyýanyny ýetirýär.
Nobatdaky ylmy-tejribe duşuşygynyň dowamynda kofäniň ähmiýeti, önümçiligi, hakynda täsirli çykyşlar diňlendi. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar kofe dänelerini gaýtadan işlemegiň aýratynlyklary hem-de kofe içgisiniň dürli görnüşleri dogrusynda sowal-jogap alyşdylar.
Serdar ATAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň Maldarçylyk önümlerini gaýtadan
işlemek kafedrasynyň mugallymy.