BELARUS DÖWLET AGRAR TEHNIKI UNIWERSITETI BILEN UZAK ARALYKDAN OKUW SAPAGY GURALDY

438
Golaýda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Belarus Respublikasynyň Belarus döwlet agrar tehniki uniwersiteti bilen bilelikde «Pomidory gaýtadan işlemegiň tehnologiýasynyň aýratynlyklary» atly ylmy tema boýunça uzak aralykdan onlaýn okuw sapagy geçirildi. Oňa uniwersitetimiziň Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň Ekerançylyk önümlerini gaýtadan işlemek kafedrasynyň professor-mugallymlary we Miwe-gök önümlerini gaýtadan işlemek hünäriniň 3-nji ýyl talyplary gatnaşdylar.

Okuw sapagynda uly mugallym Bibijemal Kakabaýewa Diýarymyzda ösdürilip ýetişdirilýän pomidorlaryň görnüşleri we olaryň ähmiýeti, pomidory gaýtadan işlemegiň tehnologiýasynyň aýratynlyklary barada alnyp barylýan ylmy-barlag işleri dogrusynda çykyş etdi. Ekerançylyk babatda, hususan-da, pomidorlary ösdürip ýetişdirmegiň we olary gaýtadan işlemegiň tehnologiýasynyň aýratynlyklarynyň ylmy esaslary boýunça geljekde hem onlaýn okuw sapaklarynyň geçirilmeginiň möhüm ähmiýetli boljakdygy nygtaldy.

Ýazgeldi SARYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba 
hojalyk uniwersitetiniň Ekerançylyk 
önümlerini gaýtadan işlemek kafedrasynyň 
müdiri, uly mugallym.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52