GAWUNLARDAN IÝMIT ÖNÜMLERINI ÖNDÜRMEK HAKYNDA OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
416Golaýda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Russiýa Federasiýasynyň W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda «Gawunlardan iýmit önümlerini öndürmegiň tehnologiýasyny kämilleşdirmek» atly ylmy tema boýunça uzak aralykdan onlaýn okuw sapagy geçirildi.
Ekerançylyk önümlerini gaýtadan işlemek kafedrasynyň müdiri, uly mugallym Ý.Saryýewiň geçen sapagyna uniwersitetiň Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň Ekerançylyk önümlerini gaýtadan işlemek kafedrasynyň professor-mugallymlary we Miwe-gök önümlerini gaýtadan işlemek hünäriniň 2-nji ýyl talyplary gatnaşdylar.
Okuw sapagynda türkmen gawunlarynyň görnüşleri, ähmiýeti, olary gaýtadan işlemegiň we saklamagyň usullary boýunça alnyp barylýan ylmy-barlag işleri barada maglumatlar beýan edildi. Geljekde bakjaçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary, hususan-da, gawunlary ösdürip ýetişdirmegiň we olary gaýtadan işlemegiň ylmy esaslaryny kämilleşdirmek boýunça pikir alşyldy.
Bibijemal KAKABAÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalyk uniwersitetiniň Ekerançylyk önümlerini
gaýtadan işlemek kafedrasynyň uly mugallymy.