DAŞKENT IRRIGASIÝA WE OBA HOJALYGYNYŇ MEHANIZASIÝASY INSTITUTY BILEN UMUMY OKUW SAPAGY GEÇIRILDI

485
Golaýda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň guramagynda «John Deere» okuw merkezinde Özbegistan Respublikasynyň Daşkent irrigasiýa we oba hojalygynyň mehanizasiýasy instituty bilen bilelikde umumy okuw sapagy geçirildi. Oňa iki ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

«Göteriji-daşaýjy maşynlar» dersinden guralan sapakda uniwersitetimiziň Amaly mehanika kafedrasynyň uly mugallymy Bahram Matýäkubow «Oba hojalygynda üznüksiz daşaýjy maşynlar» temasy boýunça çykyş etdi. Sapakda ýurdumyzyň toprak-howa şertleriniň aýratynlyklaryna laýyklykda oba we suw hojalygynda ulanylýan dürli görnüşli üznüksiz ýük daşaýjy maşynlar hakynda gürrüň edildi.

Uly mugallym Bahram Matýäkubow ýük daşaýjy maşynlaryň görnüşlerini, niýetlenişlerini, esasy gurluşlaryny, işleýiş aýratynlyklaryny düşündirdi. Maşynlaryň aýratyn detallaryny, mehanizmleriniň esasy hasaplamalaryny we awtomatiki liniýalarda hem-de akym önümçiliginde ýük daşaýjy maşynlary ulanyş proseslerini tutuşlaýyn mehanizasiýalaşdyryş meseleleriniň çözüliş usullary hakynda takyk maglumatlar beýan edildi. 

Sapagyň dowamynda sowal-jogap alşyldy hem-de iki ýokary okuw mekdebiniň arasynda dürli dersleri boýunça meýilnama esasynda sanly ulgam arkaly geçirilýän okuw sapaklarynyň ähmiýeti nygtaldy.

Ýunus BALLYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen 
oba hojalyk uniwersitetiniň Amaly mehanika 
kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52