ÝÜPEKÇILIKDE HYTAÝ TEJRIBESI HAKYNDA YLMY-TEJRIBE DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

454
Golaýda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde professor-mugallymlaryň, talyp ýaşlaryň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gatnaşmagynda nobatdaky ylmy-tejribe duşuşygy geçirildi. Bu duşuşykda ýüpekçilik pudagynyň dünýä ýüzündäki ösüşi, hususan-da, Hytaý Halk Respublikasynyň ýüpekçilikde gazanan häzirki zaman tejribesi dogrusynda çykyşlar diňlendi.

Geçirilen ylmy-tejribe duşuşygynda hünärmen Akmyrat Berdiýew ýüpek gurçuklarynyň biologiýasy, olary idetmek hakynda, şeýle-de Beýik Ýüpek ýolunyň dörän ýeri bolan Hytaýyň ýüpekçilik tejribesiniň aýratynlyklary, olary ýurdumyzyň oba hojalygyna ornaşdyrmak hem-de innowasion tehnologiýalar arkaly ýüpekçiligiň netijeliligini artdyrmagyň mümkinçilikleri dogrusynda çykyş etdi.

Hünärmen hytaý tejribesine laýyklykda, tut ýüpek gurçuklarynyň ösüşiniň dowamynda dürli ýaşlarda aýratyn jaýlarda saklanylýandygyny belledi. Ýöriteleşdirilen jaýlar çyglylygy, temperaturany we beýleki parametrleri sazlaýjy ulgam arkaly kadalaşdyrylýar. Ýüpekçilik fabrikleri awtomatlaşdyrylan tehnikalar, sanly ulgam arkaly öz işlerini çalt hem-de netijeli ýerine ýetirýär.

Ýüpek gurçuklaryna kiçi ýaşlarda tut ýapraklary böleklere bölünip berilýär. Şeýle edilmegi olaryň iýmiti gowy özleşdirmegine hem-de ýapraklaryň zaýalanmazlygyna ýardam berýär. Ýüpek gurçuklarynyň bölüp çykarýan maddalary, galyndylary kömelek ösdürilip ýetişdirilende ulanylýar. Bu bolsa galyndysyz önümçiligiň amala aşyrylmagyna uly şert döredýär.

Tejribeli hünärmen häzirki wagtda biziň ýurdumyzda hem ýüpekçilik pudagynda uly üstünlikleriň gazanylýandygy dogrusynda belläp geçdi. Häzirki döwürde ýüpekçilik ýurdumyzyň dokma senagatynyň geljegi uly bolan pudaklarynyň biri hasaplanylýar. Onuň önümlerine içerki we dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýär. Obasenagat toplumynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler we sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen toplumlaýyn maksatnamalar bu senediň galkynmagyna itergi berýär. Ýüpek gurçugynyň iň gowy görnüşleriniň ýetişdirilmegi, pudagyň ygtybarly iým binýadynyň döredilmegi ýylsaýyn özüniň oňyn netijelerini berýär. Bu bolsa, öz gezeginde, ýüpek ýüplüginiň, sapagynyň we dokma önümleriniň öndürilýän möçberiniň artdyrylmagyna uly mümkinçilik berýär.

Nobatdaky geçirilen ylmy-tejribe duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar möhüm pudaklaryň biri bolan ýüpekçilik hakynda giňişleýin pikir alyşdylar. Täzeçil usullary ulanyp, bu pudagy ösdürmegiň ýurdumyzyň oba hojalyk ulgamyna uly goşant boljakdygy nygtaldy.

Täzegül ÝUSUPOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň oba hojalygynyň guralyşy we
dolandyrylyşy kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52