PISSEÇILIKDE DÖKÜNLERIŇ ULANYLYŞY HAKYNDA PIKIR ALŞYLDY

382
Golaýda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde professor-mugallymlaryň, talyp ýaşlaryň, hünärmenleriň we beýleki myhmanlaryň gatnaşmagynda ylmy-tejribe duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň temasy pisse agaçlaryny ösdürip ýetişdirmekde dürli görnüşli dökünleriň ähmiýeti we olaryň ulanylyşy barada boldy. Hünärmen Ýagmyr Jumaliýew ýurdumyzda pisseçiligiň alnyp barlyşy, pisse agaçlarynyň kadaly dökünlenilişi dogrusynda çykyş etdi.

Dökünleri ulanmak, munuň özi hojalykda özbaşdak bir meýilnama bolup, onuň maksady ýerli we mineral dökünleriň görnüşlerini, olaryň ulanylmaly mukdaryny, möhletini, usulyny göz öňünde tutmak bilen, olar ulanylanda sarp edilen çykdajynyň öwezini artygy bilen ödemegi gazanmakdyr. 

Ylmy-tejribe duşuşygynyň barşynda hünärmeniň gürrüň bermegine görä, miweli agaçlar bilen birlikde, pisse agajynyň ösüş döwründe iýmit maddalaryny kabul edişi dürli gatnaşykda bolup, ösüşiniň başynda azot bilen kaliý dökünlerine garanyňda, fosfor köp mukdarda kabul edilýär. Has güýçli ösýän döwründe bolsa azot bilen fosfor köp özleşdirilýär.

Mineral dökün bolan demir pisse agajynyň ösüşinde zerur bolan elementleriň biri bolup, ol fermentleriň işjeň toparyny emele getirýär. Ösümliklerde fosfor ýeterlik mukdarda saklananda, hasyl synalarynyň emele gelşi we hasylyň ýetişişi tizleşýär. Azot pisse agajynyň 1-3 ýyl aralygynda ýylda 5 gezek berlip, ol agajyň kadaly boý alşyna, durnuklylygyna, kök ulgamynyň gurplanmagyna kömek edýär.

Pisse agajynyň ýaşaýşynda organiki dökünler örän uly ähmiýete eýedir. Şeýle dökünler pisse agajyna köp berlende, mineral dökünleriň ornuny tutujy häsiýete eýe bolýar. Bir gektar ýere 30 kg çenli organiki dökün bermäge mümkinçilik bardyr.

Geçirilen ylmy-tejribe duşuşygynyň ahyrynda pisseçilik barada sowal-jogap alşyldy. Döwrebap usullar esasynda ýurdumyzda pisseçiligi alyp barmagyň mümkinçilikleriniň ýokarydygy nygtaldy.

Serdar ATAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen 
oba hojalyk uniwersitetiniň Maldarçylyk 
önümlerini gaýtadan işlemek 
kafedrasynyň mugallymy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52