ORGANIKI DÖKÜNLERIŇ ÄHMIÝETI HEM-DE ULANYLYŞY DOGRUSYNDA ÇYKYŞLAR DIŇLENDI
327Ýakynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde professor-mugallymlaryň, talyp ýaşlaryň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gatnaşmagynda ekerançylyk pudagynyň hasyllylygyny artdyrmakda organiki dökünleriň ähmiýeti, ulanylyşy barada ylmy-tejribe duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda tejribeli hünärmen Timur Geldiýew organiki dökünleriň umumy häsiýetnamasy, ulanylyşy, şeýle hem bioorganiki dökün bolan «Nourivit» önüminiň ekerançylyk pudagyndaky ähmiýeti dogrusynda çykyş etdi.
Hünärmeniň aýdyşy ýaly, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny artdyrmakda we topragy gurplandyrmakda organiki dökünleriň ähmiýeti diýseň uludyr. Organiki dökünler ösümlikleriň iýmitlenmeginde, topragyň amatly suw-fiziki häsiýetlerini döretmekde möhüm orny eýeleýär. Toprakda bolup geçýän möhüm hadysalaryň ählisiniň işine organiki maddalar gönüden-göni ýa-da kem-käsleýin, gytaklaýyn gatnaşýar.
Dökünleri ulanmagyň düzgünleri işlenip düzülende, öňi bilen, onuň ykdysady netijeliligi we ekologik taýdan ygtybarlylygy nazara alynmalydyr. Şeýle-de ekinler dökünlenende ekerançylyk işleri geçiriljek ýerleriň toprak-howa şertleri, ösümlikleriň görnüşleri, her bir tohumyň biologik aýratynlyklary, ekin dolanyşygy göz öňünde tutulmalydyr.
Hünärmeniň bellemegine görä, önümçiligi ýola goýlan bioorganiki döküniň düzüminde hiç hili himiki goşundynyň ýokdugy onuň esasy artykmaçlygydyr. Dökün suwuk görnüşde bolup, düzüminde topragyň hasyllylygyna, gumusyň emele gelmegine, ekinleriň kadaly ösmegine amatly şertleri döredýän peýdaly bakteriýalar bar. Bu täsirli goşundylar ekin ekmek, suwaryş, kompost önümçiligi, tohum, şeýle hem ösümligiň ösüş möwsüminde kadaly ideg etmek üçin ulanylýar.
Geçirilen ylmy-tejribe duşuşygynyň ahyrynda organiki dökünleriň ähmiýeti, olary kadaly ulanmak barada giňişleýin pikir alşyldy. Ýurdumyzda organiki ekerançylygyň ösdürilmeginiň adam saglygyna zyýansyz iýmit önümleriniň öndürilmegine uly mümkinçilikleri döredýändigi nygtaldy.
Näzik AMANOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar
lukmançylygy fakultetiniň Weterinar
lukmançylygy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.