GARAGUMDA DOWARLARY SAKLAMAGYŇ AÝRATYNLYKLARY HAKYNDA OKUW SAPAGY GURALDY
6362-nji aprelde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň hem-de W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetiniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda uzak aralykdan (onlaýn) okuw sapagy geçirildi. Ol «Garagum sähralygynda dowarlary saklamagyň aýratynlyklary» atly tema boýunça guraldy.
Okuw sapagyny Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Epizootologiýa we parazitologiýa kafedrasynyň dosenti, weterinariýa ylymlarynyň doktory Töre Garlyýew alyp bardy. Onuň başynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty bilen ýurdumyzda oba hojalygyny kämilleşdirmek, maldarçylygy döwrebap ösdürmek babatynda ýetilýän üstünlikler, Garagum sährasynyň dowardarçylyk pudagyndaky ähmiýeti babatdaky söhbetler has-da täsirli boldy.
Garagum sährasynda saryja tohumly goýunlaryň saklanyş, iýmitlendiriliş, suwa ýakylyş düzgünleri hem-de olary tohumlandyrmagyň aýratynlyklary, dowarlar nähili howa şertlerinde saklananda, olaryň önümliligini ýokarlandyryp bolýandygy, şeýle-de alabaý itleriniň çopanyň ýakyn ýardamçysydygy hakynda bellendi. Nygtalyşy ýaly, Garagumda dowarlaryň saklanyş şertine aýratyn üns bermek hökmandyr, sebäbi onuň kada laýyk bolmagy alynýan önümiň hilini ýokarlandyrýar.
Hekim ORAZOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň weterinar
lukmançylygy fakultetiniň epizootologiýa we
parazitologiýa kafedrasynyň mugallymy.