«AKYL GIŇIŞLIGI» ATLY ZEHIN BÄSLEŞIGI ÜSTÜNLIGE BESLENDI

674
Golaýda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Akyl giňişligi» atly zehin bäsleşigi geçirildi. Oňa ýokary okuw mekdebimiziň her fakultetinden 6 adamdan ybarat 1 topar gatnaşdy. 

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda aýratyn many-mazmuna eýe bolan bäsleşigiň sowallary, esasan, Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi hakynda, matematika, fizika, himiýa, biologiýa, geografiýa, türkmen dili we edebiýaty, taryh dersleri bilen baglanyşykly hem-de zehin sowallaryndan ybarat boldy. Bäsleşýän toparlaryň her duşuşygynda 11 sowal berlip, hersine pikirlenmek üçin 60 sekunt wagt berildi.

«Akyl giňişligi» zehin bäsleşiginde Agroekologiýa fakultetiniň topary 1-nji orny eýeledi we göçme kuboga mynasyp boldy. 2-nji orna Gidromeliorasiýa fakultetiniň, 3-nji orna bolsa Oba hojalygynyň mehanizasiýasy fakultetiniň toparlary eýe boldular.

Çekeleşikli geçen bäsleşik talyplaryň zehinini açmak, pikirleniş ukybyny ösdürmek, dünýägaraýşyny giňeltmek, ylym-bilime bolan höwesini artdyrmak babatda örän netijeli boldy.

Gadamdurdy HOJAMYRADOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen 
oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar 
lukmançylygy fakultetiniň Weterinar 
lukmançylygy hünäriniň 4-nji ýyl talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52