PEÝNIR ÖNÜMÇILIGI BARADA YLMY-TEJRIBELER ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
503Golaýda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde professor-mugallymlaryň, talyp ýaşlaryň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gatnaşmagynda ylmy-tejribe duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda peýnir önümçiliginiň täzeçil usullary hakynda çykyşlar diňlendi. Geçirilen ylymlar güni maslahatynda «Gyz gala» restoranynyň baş aşpezi Döwletgeldi Permanow ýerli önümlerden italýan tehnologiýasy esasynda «Zant cheese» diýlip atlandyrylýan peýniriň dürli görnüşleriniň öndürilişi barada gürrüň berdi.
Hünärmeniň bellemegine görä, häzirki wagtda peýnir önümçiliginden başga-da, şöhlat önümçiligini ýola goýmak hem-de süýdi gaýtadan işlemek bilen alynýan önümleriň täze görnüşlerini halka hödürlemek meýilleşdirilýär. Peýnir öndürmek üçin çig mal bolan süýt, esasan, hususy hojalyklardan kabul edilip, ýaglylygy boýunça kadalaşdyrylýar. Öndüriljek önüme laýyklykda, süýt çig maly häzirki zaman ösen tehnologiýalary esasynda gaýtadan işlenýär. Peýnir öndürilende, ilki bilen, onuň hiline, daşky keşbine, elýeterli bahaly bolmagyna üns berilýär. Şeýle-de peýnir öndürmegiň dünýä tejribesini bu önümçilikde ornaşdyrmak bilen, daşary ýurtdan getirilýän önümleriň ornuny tutýan ýokary hilli süýt önümleri öndürilýär.
Ylmy-tejribe duşuşygynda «Gyz gala» restoranynyň aşpezi we tehnology Keýik Töraýewa peýniriň dürli görnüşleriniň öndürilişiniň tehnologik akymy barada çykyş etdi. Energetiki we biologik gymmaty bolan, düzüminde ornuny çalşyp bolmaýan peýdaly maddalary saklaýan peýnir önümi öndürilende düzümindäki goşundylar düzümnama laýyklykda dünýä hem-de milli tejribeleri utgaşdyrylyp taýýarlanylýar. Bu bolsa önümiň ýokary hilli bolmagyna uly itergi berýär.
Hünärmeniň aýtmagyna görä, duza ýatyrylan peýnirler süýt önümlerini gaýtadan işlemekde görnüşi boýunça esasy topary düzýär. Olaryň taýýarlanylyşy beýlekilere garanyňda çylşyrymly däldir. Duza ýatyrylan peýnirler 20, 30, 40, 50 göterim ýaglylykda öndürilýär. Peýniri duzlamagyň maksady — oňa kesgitli tagam bermek we peýniriň ýetişýän wagty mikrobilogik yzygiderliligini belli bir derejede sazlamak bolup durýar.
Ylmy-tejribe duşuşygynyň ahyrynda peýnir önümçiligi hakynda giňişleýin pikir alşyldy. Duşuşyga gatnaşyjylar oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemekde dünýä tejribelerini özleşdirmek bilen, täze önümleriň öndürilmeginiň ata Watanymyzda azyk bolçulygyny, galyberse-de, täze iş orunlaryny döretmäge uly goşant boljakdygyny nygtadylar.
Tyllagözel BABAÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň
Oba hojalygynyň guralyşy we dolandyrylyşy
kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.