UNIWERSITETIMIZIŇ WEKILLERI ÄHLIHALK BAG EKMEK DABARASYNA GATNAŞDYLAR

558
Şu gün — 16-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzda bag ekmek möwsüminiň nobatdaky tapgyryna badalga berildi. Paýtagtymyzyň günortasyndaky gözel künjekde ýaýbaňlandyrylan ählihalk bag ekmek dabarasyna S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň professor-mugallymlary hem-de talyp ýaşlary hem işjeň gatnaşdylar. Şeýle-de şu gün ýokary okuw mekdebimiziň çäginde arassaçylyk, abadanlaşdyryş işleri ýaýbaňlandyryldy, baglara ideg edildi hem-de täze nahallar oturdyldy.

Uniwersitetimizde bagbançylyk, miweçilik we gök ekerançylyk; tokaý we seýil bag hojalygy; ösümlikleri goramak ýaly hünärler boýunça hünärmenler taýýarlanylýar we bu ugurlarda ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Ýurdumyzda oba hojalygynyň we daşky gurşawy goramagyň bu möhüm ugurlarynyň ylmy esasda ösdürilmegi ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, gözel tebigatyny has-da baýlaşdyrmak, şeýle hem «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanda 2024-nji ýylda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň jemi 3 million düýp nahalynyň ekilmegi üpjün ediler. Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň öňüsyrasynda geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde saýaly, pürli we miweli bag nahallarynyň ýüz müňlerçesi oturdyldy.

Kerimberdi NURNYÝAZOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň Oba hojalygynyň 
ykdysadyýeti we dolandyrylyşy fakultetiniň 
Oba hojalygynyň ykdysadyýeti 
kafedrasynyň mugallymy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm