HALKARA ZENANLAR GÜNI DABARALY BELLENILDI

676
Halkara zenanlar güni mynasybetli S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Onda ýokary okuw mekdebimizde işleýän hem-de okaýan zenanlar sarpalandy we olara hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar gowşuryldy. 

Dabarada aýdylan gutlag sözlerinde nygtalyşy ýaly, Halkara zenanlar güni jemgyýetimizi belent maksatlara jebisleşdirýän hem-de döredijilikli işlere ruhlandyrýan baýramçylyk hökmünde milli senenamamyzda aýratyn orun tutýar.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde zähmet çekýän zenanlarymyz, bilim alýan talyp gelin-gyzlarymyz hem bilim ojagymyzyň abraý-mertebesiniň belende göterilmegine mynasyp goşant goşýarlar, işde we okuwda uly üstünlikleri gazanýarlar. Olar golaýda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň guramaklarynda bagtyýar zenanlaryň arasynda geçirilen «Ýaş türkmen zenanlary — berkarar döwletiň mertebe tugy» atly bäsleşikde, «Talyp gözeli» bäsleşiginde hem guwandyryjy netijeleri görkezdiler. Ýokary okuw mekdebimiziň ilkinji zenanlar guramasynyň guramagynda gelin-gyzlarymyzyň bagtyýarlygyny açyp görkezýän çärelere giň gerim berilýär. Dokma önümçiligi fakultetinde hereket edýän «Dokmaçylar» gurnagynda hem guwandyryjy işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň aýratyn bölümi «Ýaş türkmen zenanlary — berkarar döwletiň mertebe tugy» diýlip atlandyrylýar. Onda nygtalyşy ýaly, biz ähli ýaşlarymyz bilen birlikde, ýaş gelin-gyzlarymyzyň hem kämil ylym-bilim almagy, döwrebap hünär öwrenmegi, Watanymyza, halkymyza wepaly şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin ähli şertleri we amatlyklary döredýäris. 

Çykyşlarda 8-nji mart baýramy — Halkara zenanlar güni mynasybetli gutlaglar aýdyldy. Ýerine ýetirilen aýdym-sazlarda zenan gözelligi, ene mähremligi wasp edildi. «Zenanlar biziň eziz Diýarymyzyň buýsanjydyr» diýip, gelin-gyzlarymyza aýratyn sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň hemişe aman bolmagy arzuw edildi.

Laçyn HEMRAÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen 
oba hojalyk uniwersitetiniň agroekologiýa 
fakultetiniň tokaý we seýil bag hojalygy 
hünäriniň 1-nji ýyl talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm