ÇOWDARYNYŇ ÖSDÜRILIP ÝETIŞDIRILIŞI BARADA ÇYKYŞLAR DIŇLENDI
824Her hepdäniň şenbe gününde bolşy ýaly, 16-njy dekabrda hem S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde professor-mugallymlaryň, talyplaryň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gatnaşmagynda ylmy-tejribe duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Türkmenistanda çowdarynyň ösdürilip ýetişdirilişi barada birnäçe gyzykly hem-de peýdaly maglumatlar berildi.
Geçirilen ylmy-tejribe duşuşygynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Ekerançylyk kafedrasynyň mugallymy Ýagmyr Orazow Türkmenistanda çowdary ösümliginiň ösdürilip ýetişdirilişi, halk hojalygyndaky ähmiýeti dogrusynda çykyş etdi.
Mugallymyň aýtmagyna görä, biziň ýurdumyzda mallary ýokumly gök ot-iým bilen ir ýazda üpjün etmek üçin güýzlük çowdaryny we güýzlük dälijemäşi garyşdyryp, bilelikde ekmek maslahat berilýär. Şeýle edilende, beloga baý ot-iým taýýarlamak bolýar. Bu usulyň önümçilige ornaşdyrylmagynyň maldarçylygy ýokumly ot-iým bilen üpjün etmekdäki hem-de topragy azot bilen baýlaşdyryp gurplandyrmakdaky ähmiýeti uludyr.
Çowdary ösümliginiň dänesi beloga baýdyr. Onda belogyň saklanyşy ortaça 13 %-e deň. Dürli sebitlerde bolsa çowdary dänesinde belogyň saklanyşy 9 %-den 18,5 %-e çenli üýtgeýär. Bugdaý dänesiniň düzümi bilen deňeşdirilende, çowdary dänesinde albuminleriň we globinleriň saklanyşy ýokary bolup, aminokislota düzümi has sazlaşykly we deňagramlaşan ýagdaýda bolýar. Çowdary çöregi özüniň düzüminde peýdaly beloklary we witaminleri saklaýar.
Ylmy-tejribe duşuşygynyň dowamynda çowdarynyň maldarçylykdaky, azyk önümlerini öndürmekdäki ähmiýeti dogrusynda pikir alşyldy. Täze hem-de netijeli usullaryň çowdarynyň bol hasylyny almaga mümkinçilik berýändigi bellendi.
Serdar GYLYJOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek
fakultetiniň dänäni gaýtadan işlemek hünäriniň 5-nji ýyl talyby.