YLMY-TEJRIBE DUŞUŞYGY ÝYLADYŞHANALARDA POMIDOR ÖSDÜRIP ÝETIŞDIRMÄGE BAGYŞLANDY
651Golaýda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ýyladyşhana şertlerinde pomidor ösdürip ýetişdirmek barada ylmy-tejribe duşuşygy geçirildi. Bu gezekki duşuşykda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, «Ýigit» hojalyk jemgyýetiniň hünärmeni Joşgun Kerimow döwrebap ýyladyşhanalaryň gurluşy, tehnologiýasy, olarda pomidoryň netijeli ösdürilip ýetişdirilişi hakynda çykyş etdi. Häzirki zaman ýyladyşhanalary innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylyp, olarda pomidor nahallaryny iýmitlendirmek, şeýle hem howa çalşygyny amala aşyrmak, durnukly ýylylygy saklamak işleri kompýuterleriň üsti bilen awtomatik usulda ýerine ýetirilýär. Ýyladyşhanalaryň sowadyş ulgamy çyglandyryjy, suwy aerozol görnüşinde pürküji gurluşyň kömegi bilen amala aşyrylýar. Şeýle-de, ýyladyşhanalarda perde ulgamy bolup, ol çäklendirilen howa gurşawyny kadalaşdyryp, howanyň gaty gyzmagynyň öňüni alýar.
Tejribeli hünärmeniň bellemegine görä, ýyladyşhana şertlerinde pomidor nahallary himiki goşundysyz, ekologik taýdan arassa kokos gabygynyň garyndylary ýerleşdirilen gaplarda ýetişdirilýär. Kokos süýümi suwdan ýeňil bolanlygy sebäpli, suwarylanda çişip, süýümleriň arasy howa bilen dolýar. Bu bolsa ösümlik kökleriniň iýmitlenmegi we dem almagy üçin amatly şertleri döredýär.
Pomidor nahallary güllän mahaly artykmaç gülleriniň kesilip aýrylmagy, tozanlandyryş işleriniň ýörite arylaryň üsti bilen amala aşyrylmagy pomidor hasylynyň deň ululykda ýetişmegine we hasyla durmagyna ýardam berýär. Pomidoryň ösüş döwründe zerur bolan mikroelementler gerekli mukdarda hasaplanyp, ergin görnüşinde suwaryş ulgamynyň üsti bilen damjalaýyn usulda berilýär.
Ýyladyşhananyň içinde kömürturşy gazy ýetmezçilik etse, netijelilik we hil peselýär. Howada kömürturşy gazynyň derejesi CO2 sensory bilen ölçenip, kompýuter gözegçiligi arkaly deňagramlylykda saklanýar. Temperaturanyň, Gün şöhlesiniň, çyglylygyň, kömürturşy gazynyň görkezijileriniň üsti bilen ýyladyşhananyň içinde ideal mikroklimatyň bolmagy gazanylýar. Umuman, ylmy-tejribe duşuşygynyň dowamynda hünärmenler pomidor ösdürip ýetişdirmek boýunça gymmatly maglumatlary berdiler.
Kuwwat BABAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň oba
hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek
fakultetiniň ösümlik ýagyny öndürmek
hünäriniň 4-nji ýyl talyby.