«DIL BILEN DÜNÝÄNI GEZER» ATLY BÄSLEŞIGIŇ JEMI JEMLENDI

554
Golaýda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň fakultetleriniň talyplarynyň arasynda iňlis dili boýunça «Dil bilen dünýäni gezer» atly bäsleşik geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 22-nji dekabrynda çykaran Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek we bu ugurda öňde goýlan wezipeleri amal etmek maksady bilen guralan bäsleşik jemi 3 tapgyrdan ybarat boldy. Onuň 1-nji tapgyrynda talyplar öz aralarynda iňlis dilinde test soraglaryny çözmekde, 2-nji tapgyrynda düzme ýazmakda we 3-nji tapgyrynda bolsa iňlis dilinde hünärlerini tanyşdyrmakda bäsleşdiler.

Düzgünnamanyň şertine laýyklykda, bäsleşige her fakultetden 10 talyba gatnaşmaga mümkinçilik berildi we uniwersitet boýunça jemi 77 talyp gatnaşdy. Iňlis diline degişli grammatiki, logiki, edebi temalarda taýýarlanan 100 sany test soraglaryny çözmekde iň gowy netijäni görkezen 25 talyp 2-nji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandy.

Bu tapgyrda talyplar «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda alnyp barylýan ýaşlar syýasaty», «Watan diňe halky bilen Watandyr!», «Magtymguly Pyragy — pähim-paýhas ummany», «Iňlis dilini öwrenmegiň ähmiýeti», «Bitaraplyk parahatçylygyň kepilidir» diýen temalar boýunça düzme ýazdylar. Iň gowy netije görkezen 10 talyp 3-nji tapgyra saýlandy.

Bäsleşigiň 3-nji tapgyrynda talyplaryň sözleýiş medeniýetine, özüni alyp barşyna, iňlisçe gepläp bilijilik ukybyna we prezentasiýasynyň taýýarlyk derejesine baha berildi. 

Umumy netijeleri boýunça şu talyplar ýeňiji boldular:
Baş baýrak — oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň ösümlik ýagyny öndürmek hünäriniň 1-nji ýyl talyby Dawut Döwletow.
I orun — dokma önümçiligi fakultetiniň tikinçilik önümçiliginiň tehnologiýasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby Mähri Mämmetgulyýewa.
II orun — oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy fakultetiniň ykdysadyýet (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 4-nji ýyl talyby Döwlet Sultanow.
III orun — oba hojalygynyň mehanizasiýasy fakultetiniň oba hojalygy (inžener mugallymlary-taýýarlamak) hünäriniň 3-nji ýyl talyby Maksat Ýazmuhammedow.

Bäsleşikde ýeňiji bolan talyplar uniwersitetiň rektorlygynyň Hormat haty we kärdeşler arkalaşygy guramasynyň taýýarlan sowgatlary bilen sylaglandy.

Şöhratmyrat PÄLIWANOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen 
oba hojalyk uniwersitetiniň dokma 
önümçiligi fakultetiniň tikin önümçiligi 
kafedrasynyň mugallymy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52