UNIWERSITETIMIZIŇ MUGALLYMY DUBAÝDA HALKARA YLMY-AMALY MASLAHATA GATNAŞDY

523
Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde Abu Dabi uniwersitetiniň guramagynda 5-6-njy dekabrda «Geljegiň durnuklylygyny ýokarlandyrmak» atly halkara ylmy-amaly maslahat (ICASF 2023) geçirildi. Oňa S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň dokma önümçiligi fakultetiniň tikin önümçiligi kafedrasynyň mugallymy Şöhratmyrat Päliwanow hem gatnaşdy. Maslahatyň çäklerinde «UI GreenMetric» guramasynyň ýolbaşçylygynda «UI GreenMetric 2023» bütindünýä uniwersitetleriniň sanawynyň netijeleriniň yglan ediliş we sylaglaryň gowşurylyş dabarasynyň geçirilmegi çäräniň ähmiýetini has-da artdyrdy. 

5-nji dekabrda Dubaýyň «Palm Jumeirah» syýahat zolagynda ýerleşýän Waldorf Astoria mejlisler zalynda ylmy-amaly maslahatyň açylyş dabarasy boldy. Dabaranyň başynda Birleşen Arap Emirlikleriniň hökümetiniň ýokary wezipeli adamlary we dünýä belli ylmy işgärler çäräniň ähmiýeti, maksady, gün tertibi barada çykyş etdiler. Nygtalyşy ýaly, halkara forumyň esasy maksady tebigatyň durnuklylygyny saklamak, daşky gurşawy goramak we dünýäde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde ýerine ýetirilmeli işleri ara alyp maslahatlaşmak; bu ugurda ylmy işleri alyp barýan dünýäniň birnäçe döwletinden alymlary, ylmy işgärleri jebisleşdirmek we gazanylan tejribeleri paýlaşmak; tebigaty aýawly saklap, ekoulgamyň durnuklylygyny ýokarlandyrmak bilen baglanyşyklydyr. 

Tebigy durnuklylygy kämilleşdirmek baradaky halkara ylmy-amaly maslahat 5 bölümde — «Iş, menejment durnuklylygy we hukuk», «Durnuklylygy üpjün etmekde ylym we inženerçilik», «Bilim we durnuklylyk», «Saglyk, iýmit we jemgyýet ylymlarynda durnuklylygy öwrenmek», «Karýer gözlegçileri» bölümlerinde geçirildi. 

Uniwersitetimiziň wekili halkara ylmy-amaly maslahatyň «Durnuklylygy üpjün etmekde ylym we inženerçilik» bölüminde «Türkmenistanda pagta lintinden emeli süýümleri öndürmegiň ähmiýeti» atly ylmy temada çykyş etdi. Bu temanyň esasy maksady täze tehnologiýanyň, ýagny ekologik taýdan arassa, galyndysyz, tygşytly önümçilikleriň işlemegini gazanmak arkaly önümiň täze görnüşlerini döretmek bilen baglanyşyklydyr. 

Günüň ikinji ýarymynda «UI GreenMetric 2023» bütindünýä uniwersitetleriniň sanawynyň netijeleri yglan edildi we sylaglar gowşuryldy. Dabaranyň dowamynda ýokary okuw mekdepleriniň eko-gurşawynyň durnuklylygyny bahalandyrýan «UI GreenMetriс» guramasynyň 2023-nji ýyldaky sanawyna 85 döwletden 1183 agzanyň goşulandygy bellendi. Bu sanawda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti 456-njy orunda ýerleşdi. Iş saparynyň 2-nji gününde ylmy-amaly maslahatyň bölümçelerine gatnaşyldy.

Gülbahar HYDYROWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen 
oba hojalyk uniwersitetiniň dokma 
önümçiligi fakultetiniň tikin önümçiligi 
kafedrasynyň mugallymy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52