MIWELERIŇ SAKLANYŞY BOÝUNÇA ÇYKYŞLAR DIŇLENDI

426
Golaýda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde professor-mugallymlaryň, talyp ýaşlaryň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gatnaşmagynda nobatdaky ylmy-tejribe duşuşygy geçirildi. Onuň temasy miweleri ammarda saklamak we bazarlary miwe önümleri bilen yzygiderli üpjün etmek barada boldy. Ylmy-tejribe duşuşygynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Akmyrat Gurdow dürli miweleriň saklanyş düzgünleri, hasyly uzak wagtlap saklamak üçin niýetlenen ammarlaryň, sowadyjylaryň görnüşleri, ýurdumyzyň bereketli bazarlaryny miwe hem-de miwe önümleri bilen doly üpjün etmek barada çykyş etdi.

Mälim bolşy ýaly, miweleriň ösüp ýetişmegi möwsümleýin häsiýete eýedir. Ilatyň miwe önümleri bilen üpjünçiligini üznüksiz amala aşyrmak maksady bilen miweleri uzak möhletleýin saklamak esasy we möhüm wezipeleriň biridir. Sebäbi miwe önümleri adamyň iýmit paýynda peýdalylygy, ýokumlylygy boýunça uly orun eýeleýär.

Hünärmeniň bellemegine görä, miweleri uzak wagtlap ter saklamagyň düzgünlerini doly we dogry berjaý etmek üçin saklamaga niýetlenen önümi taýýarlamak işlerine uly üns berilmeli. Kadaly şertler berjaý edilende, zeperlenmedik, bitin miweler görnüşine baglylykda köp wagtlap saklamaga ýaramlydyr.

Häzirki wagtda oba hojalyk önümleriniň ter we peýdaly häsiýetlerini, tagamyny ýitirmän saklamak üçin ýokary kuwwatly sowadyjy tehnikalar giňden ulanylýar. Her miwe aýratynlyklaryna laýyklykda bellenen temperaturada sowadyjy ammarlarda saklanýar. Mysal üçin, almany +1/+3 dereje temperaturada, banany bolsa +12/+14 dereje temperatura şertlerinde 3-4 aýlap saklap bolýar. Ýokary gurluşly tehnologiýalar arkaly oba hojalyk önümleriniň ep-esli wagtlap ter saklanylmagy ýylyň islendik wagtynda sarp edijileri dürli miweler bilen üpjün etmäge amatly şertleri döredýär. Şeýle hem goňşy ýurtlara oba hojalyk önümlerini eksport etmäge mümkinçilik berýär.

Geçirilen ylmy-tejribe duşuşygynyň dowamynda dürli miweleriň we gök önümleriň halk hojalygynda saklanyşy barada hem pikir alşyldy. Duşuşygyň ahyrynda çykyş edenlere minnetdarlyk bildirildi.

Ogulgerek IŞANKULYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň oba hojalygynyň guralyşy we
dolandyrylyşy kafedrasynyň mugallymy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52