MOSKWA DÖWLET GEODEZIÝA WE KARTOGRAFIÝA UNIWERSITETINIŇ WEKILLERI UNIWERSITETIMIZDE MYHMANÇYLYKDA BOLDULAR

375

15-nji dekabrda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Türkmenistanda iş saparynda bolýan Russiýa Federasiýasynyň «Moskwa döwlet geodeziýa we kartografiýa uniwersiteti» federal Döwlet býujet ýokary bilim edarasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Oňa bu uniwersitetleriň, Russiýa Federasiýasynyň döwlet bellige alyş, kadastr we kartografiýa federal gullugynyň, şeýle-de Türkmen oba hojalyk institutynyň wekilleri gatnaşdylar.

Hormatly myhmanlar, ilki bilen, Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň okuw otaglaryna, «John Deere», «Claas» okuw merkezlerine, ýyladyşhana toplumyna, haýwanat dünýäsi muzeýine baryp gördüler we bu ýerde alnyp barylýan okuw, ylmy-barlag işleri, türkmen tebigatynyň aýratynlyklary bilen tanyşdylar.

Duşuşykda türkmen-rus ylym-bilim gatnaşyklarynyň häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, yzygiderli ösdürilmeginde iki ýurduň hormatly döwlet Baştutanlarynyň tagallalary aýratyn nygtalyp, hünärmenleri taýýarlamakda netijeli gatnaşyklaryň barha işjeňleşdirilýändigi üçin sagbolsunlar aýdyldy. Diňe Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mysalynda alnanda-da, şu ýyl Russiýa Federasiýasynyň «W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersiteti» federal Döwlet býujet ýokary bilim edarasy bilen hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekildi. 

Duşuşykda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, ýakyn geljekde Arkadag şäherinde uniwersitetiň täze binalar toplumyny, ýagny oba hojalyk şäherçesini gurmagyň göz öňünde tutulýandygy hakynda buýsanç bilen gürrüň berildi. 

Bellenişi ýaly, ýurdumyzda halkara derejede geçirilýän çärelere, ylym-bilim bäsleşiklerine, şol sanda ýakynda — 5-nji dekabrda Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň guran 2-nji açyk halkara ekologiýa olimpiadasyna Russiýa Federasiýasynyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary hem işjeň gatnaşdylar. Onda I.Ý.Ýakowlew adyndaky Çuwaş döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň, Perm milli ylmy-barlag politehniki uniwersitetiniň, Günorta federal uniwersitetiniň, N.I.Lobaçewskiý adyndaky Nižegorod döwlet uniwersitetiniň Arzamas şahamçasynyň talyplary birinji orna mynasyp boldular. Şeýle gatnaşyklaryň geljekde-de dowam etdiriljekdigine, olara Moskwa döwlet geodeziýa we kartografiýa uniwersitetiniň hem işjeň gatnaşjakdygyna ynam bildirildi.

Häzirki wagtda ýurdumyzda oba hojalygyny tehniki we tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrmak wezipeleri innowasion esasda, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» nazara almak arkaly çözülýär. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, Döwlet ýer kadastry maglumatlarynyň ýeke-täk ulgamyny işe girizmek boýunça işler alnyp barylýar. Bu ugurda ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamakda daşary ýurtlaryň tejribeleri öwrenilýär, hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirilýär.

Mälim bolşy ýaly, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Ýer gurluşygy we kadastrlar» hünäri, Türkmen oba hojalyk institutynda «Ýer gurluşygy we kadastrlar» taýýarlyk ugry boýunça hünärmenler taýýarlanýar. 

Moskwa döwlet geodeziýa we kartografiýa uniwersiteti hem bu ugurda hünärmenleri taýýarlamak bilen, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän ýurtlaryň çäginde, dünýäde  geodeziýa, kartografiýa, kadastr we Ýeri uzak aralykdan zondirlemek boýunça binýatlyk bilim ojagy hökmünde ykrar edilýär. Duşuşykda bu ugurlarda hyzmatdaşlygyň giň mümkinçilikleriniň bardygy bellendi. Şunuň bilen baglylykda, ýokary okuw mekdepleriniň, degişli ministrlikleriň arasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň, şol sanda hünärmenleri taýýarlamagyň we gaýtadan taýýarlamagyň wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar türkmen-rus dost-doganlygynyň, özara bähbitli ylym-bilim gatnaşyklarynyň gülläp ösmegini, dowamat-dowam bolmagyny arzuw etdiler hem-de munuň üçin giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

Wepa ÖWEZOW,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk

uniwersitetiniň oba hojalygynyň guralyşy we

dolandyrylyşy kafedrasynyň mugallymy.


Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm