EKOLOGIÝA MEDENIÝETI WAGYZ EDILÝÄR

599
Häzirki döwürde dünýä ýüzünde durnukly ösüşiň hem-de sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginiň möhüm şerti hökmünde ekologik meselä, şol sanda galyndylary gaýtadan işlemäge aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde hem birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Muňa mysal edip, uniwersitetimiziň çäginde galyndylary görnüşine görä aýratyn ýygnamak üçin gutularyň ornaşdyrylmagyny görkezmek bolar.
Zir-zibilleri, galyndylary aýratyn ýygnamak üçin ýöriteleşdirilen gutular olary gaýtadan işlemegi ýeňilleşdirýär. Olar üç görnüşde bolup, birinjisine kagyz galyndylary, ikinjisine plastik, üçünjisine aýna galyndylary atylýar. 
Geljekki hünärmenlere gaýtadan ulanyp boljak galyndylary dürli fiziki we himiki prosesler arkaly ikinji derejeli materiallara öwürmek we tebigata zyýan ýetirmezlik üçin täzeden önümçilige girizmek hakynda düşünje berilýär. Galyndylary gaýtadan işläp, ekologiýa taýdan arassa materiallardyr önümleri taýýarlamak daşky gurşawyň abadançylygyny üpjün etmekde möhümdir. Bu ugurdaky işler tebigy baýlyklaryň goralmagyna, energiýanyň tygşytlanmagyna, galyndylaryň mukdarynyň azalmagyna we öndürilen önümler arkaly ykdysady peýda gazanmaga mümkinçilik berýär. Tebigaty goramak, ony arassa saklamak biziň her birimiziň borjumyzdyr!

Wepa ÖWEZOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň oba hojalygynyň guralyşy we
dolandyrylyşy kafedrasynyň mugallymy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm