KITAP OKAMAK BÄSLEŞIGINIŇ ÝEŇIJILERI YGLAN EDILDI

699
Golaýda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Oba hojalyk işewürliginde kämillik basgançaklary» atly kitap okamak bäsleşigi geçirildi. Ýaşlary kitap okamaga çekmek, olaryň döredijilige gyzyklanmalaryny ösdürmek, şeýle hem maliýe-işewürlik sowatlylygyny artdyrmak maksady bilen geçirilen bu bäsleşige uniwersitetimiziň talyp ýaşlarynyň birnäçesi işjeň gatnaşdy.
Bäsleşigiň şertine laýyklykda, okamak üçin dünýäde meşhur kitaplar hödürlendi. Täsirli geçen bäsleşikde ýaşlar hödürlenen kitaplar boýunça taýýarlanan barlagnamalary işlediler. Onuň netijesine görä, I orna S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň talyby Kadyr Batyrow, II orna oba hojalygynyň mehanizasiýasy fakultetiniň talyby Kuwwatmyrat Päliwanow hem-de gidromeliorasiýa fakultetiniň talyby Aýgül Sähedowa mynasyp boldular. Bäsleşikde agroekologiýa fakultetiniň talyplary Ogultäç Tagandurdyýewa, Ogulşat Saparowa hem-de oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň talyby Halmuhammet Atamyradow dagy III orny eýeledi. Ýeňiji bolan talyplar I, II, III derejeli diplomlar we uniwersitetiň Tehnologiýalaryň transfer merkezi tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandy.
Şeýle bäsleşikler kitap okamak arkaly talyplaryň ýatkeşligini artdyrmaga, pikirleniş ukybyny, ünslerini bir ýere jemlemek endigini ösdürmäge, maliýe-işewürlik sowatlylygyny we dilewarlygyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Biz hem «Oba hojalyk işewürliginde kämillik basgançaklary» atly bäsleşikde ýeňiji bolan talyplary gutlamak bilen, ylym hem-de döredijilik äleminde uly üstünlikleri gazanmaklaryny tüýs ýürekden arzuw edýäris!

Laçyn GELDIÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň ekerançylyk önümlerini
gaýtadan işlemek kafedrasynyň mugallymy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52