HALKARA INTERNET EKOLOGIÝA OLIMPIADASY ÜSTÜNLIKLI JEMLENDI

798
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda bilim ulgamynda halkara çärelerdir bäsleşiklere giň gerim berilýär. Golaýda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň guramagynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepeleriniň talyplarynyň arasynda II açyk halkara internet ekologiýa olimpiadasy geçirildi.
Olimpiadanyň açylyş dabarasynda nygtalyşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda daşky gurşawy goramak we ekologiýa abadançylygyny pugtalandyrmak babatda alnyp barylýan işler dünýä nusgalykdyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Dubaý şäherinde BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda belent münberden Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny resmi taýdan yglan etmegi dünýäde uly seslenme tapýar. 
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk göreldesinden ruhlanyp, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işleri, alnyp barylýan ekologiýa syýasatyny ýaş nesilleriň arasynda giňden wagyz etmek, ýiti zehinli, maksada okgunly ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň ekologik bilimlerini we endiklerini kämilleşdirmek, ylmy-döredijilik işine we halkara derejede geçirilýän ders bäsleşiklerine işjeň gatnaşmaklaryny, şeýle-de özara dostlukly hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilýän açyk halkara internet ekologiýa olimpiadasy ýaşlaryň kämilleşmeginde, geljekki hünärmenleriň dünýägaraýşyny ösdürmekde möhüm ähmiýetlidir.
II açyk halkara internet ekologiýa olimpiadasyna daşary ýurtlaryň 17-sinden 63, şeýle hem ýurdumyzdan 26 ýokary okuw mekdebiniň 479 talyby gatnaşdy. Onda populýasiýalaryň ekologiýasy we biosferasy; adam ekologiýasy we häzirki zaman ekologiýa meseleleri; senagat ekologiýasy; ekologik monitoring; ekologiýa kanunçylygy we halkara guramalar bilen baglanyşykly ýumuşlar hödürlendi. Olary ýerine ýetirmek üçin talyp ýaşlara jemi 90 minut wagt berildi. Olimpiada gatnaşan talyplaryň işleri programma üpjünçiligi arkaly bahalandyryldy we toplanan ballaryň jemi boýunça netijeler jemlendi. 
Bäsleşigiň jemleri boýunça 160 talyp baýrakly orna eýe boldy. Olardan 19-sy birinji orna mynasyp bolan ýaşlardyr. Olaryň hatarynda Türkmenistandan S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, Döwlet energetika institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň, Milli howpsuzlyk institutynyň, şeýle-de Russiýa Federasiýasyndan I.Ý.Ýakowlew adyndaky Çuwaş döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň, Perm milli ylmy-barlag politehniki uniwersitetiniň, Günorta federal uniwersitetiniň, N.I.Lobaçewskiý adyndaky Nižegorod döwlet uniwersitetiniň Arzamas şahamçasynyň talyp ýaşlary bar. Ekologiýa olimpiadasynda ikinji orna 56 talyp, 3-nji orna 85 talyp mynasyp boldy. Onuň ähli netijeleri tohu.edu.tm internet saýtynda ýerleşdirildi.
Bäsleşige gatnaşyjylar şeýle giň gerimli ylym-bilim özgertmeleriniň başynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleriniň hemişe üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.

Azamat Aşyrow,
Amaly mehanika kafedrasynyň mugallymy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52