INTERNETDEN DOGRY WE NETIJELI PEÝDALANMAGA BAGYŞLANDY
702Golaýda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde professor-mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda ulanyjylary internet ulgamynda ýüze çykyp biljek howplardan, milliligimize ters gelýän hereketlerden goramaga gönükdirilen düşündiriş işleri geçirildi. Wagyz-nesihat çäresinde uniwersitetimiziň tejribeli mugallymlary «Häzirki zaman internet giňişligi we ata-babalarymyzdan gelýän milli ruhdaky terbiýe», «Ýaşlara döwrebap terbiýe bermekde peder ýoly», «Gyz edebi — il edebi» ýaly temalarda çykyş etdiler. Olar internetden dogry we netijeli peýdalanmagy, onuň okuw işindäki ähmiýetini ündediler.
Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinden terbiýeçilik, ýaşlaryň özlerini göreldeli alyp barmaklary hakyndaky sözleri mysal getirildi. Milli Liderimiziň şu ýyl Bilimler we talyp ýaşlar gününde geçiren umumy okuw sapagyndaky sargytlary nygtaldy.
Uniwersitetiň Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy bölüminiň başlygy Welmyrat Batyrow häzirki zaman internet ulgamy we onuň üsti bilen abanyp biljek howplar, kiberhowpsuzlyk barada gürrüň berdi. Internet ulgamy arkaly ýaýraýan programma üpjünçilikleri, wiruslar, olaryň görnüşleri, şeýle-de maglumatlaryň ogurlanmagy, üýtgedilmegi, ýaýradylmagy ýaly dürli meselelere ýüzlenildi hem-de olardan hüşgär bolmagyň ýollary düşündirildi. Wagyz-nesihat çäresi örän täsirli bolup, oňa gatnaşyjylar özlerini gyzyklandyrýan sowallara giňişleýin jogap aldylar.
Rahimow Romezan,
Oba hojalygynyň mehanizasiýasy
fakultetiniň 5-nji ýyl talyby