ÝOKARY OKUW MEKDEBIMIZIŇ WEKILLERI EÝRANDA SAPARDA BOLDULAR

565
2023-nji ýylyň 27-nji noýabry — 1-nji dekabry aralygynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň wekilleri, Eýran Yslam Respublikasynyň Gürgen oba hojalyk ylymlary we tebigy serişdeler uniwersitetiniň çakylygy esasynda, goňşy ýurduň Gülüstan welaýatynyň Gürgen şäherinde gulluk iş saparynda boldular. Bu sapar 2023-nji ýylyň 30-njy maýynda Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran şäherinde gol çekilen «S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Gürgen oba hojalyk ylymlary we tebigy serişdeler uniwersitetiniň (Eýran Yslam Respublikasy) arasynda bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnamada» göz öňünde tutulan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen guraldy. 
Iş saparynyň dowamynda Gürgen oba hojalyk ylymlary we tebigy serişdeler uniwersitetine barlyp, ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçylary, Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Onda iki ýurduň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklary, iki ýokary okuw mekdebiniň arasynda gol çekilen Ähtnamany durmuşa geçirmegiň ugurlary hakynda pikir alşyldy. Iki ýurduň hormatly döwlet Baştutanlarynyň tagallalary bilen türkmen-eýran ylym-bilim gatnaşyklarynyň häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, yzygiderli ösdürilýändigi nygtaldy.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Gürgen oba hojalyk ylymlary we tebigy serişdeler uniwersitetiniň arasynda bilim, ylym we medeni hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnamanyň çäklerinde geljekde professor-mugallymlary, talyplary alyş-çalyş etmek, okuw sapaklaryny geçmekde we ylmy barlaglary ýerine ýetirmekde innowasion usullary, tehnologiýalary ulanmak hem-de okuw-ylmy işleri kämilleşdirmegiň ugurlary boýunça iş tejribesini alyşmak ugrunda hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda pikir alşyldy.
Bu ýerde guralan ylym-bilimde, oba hojalygynda ýetilen sepgitlere bagyşlanan sergä gatnaşylyp, uniwersitetiň professor-mugallymlar düzüminiň we talyp ýaşlarynyň ylmy-barlag işleri hem-de ýurduň telekeçileriniň öndürýän önümleri bilen tanşyldy. Uniwersitetiň fakultetleri we kafedralary, tejribehanalary, bölümleri, professor-mugallymlar düzümi bilen tanyşlyk guraldy. Gürgen şäheriniň Innowasiýalar merkezine barlyp görüldi we alymlar, ýerli häkimiýetiň wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi. 
Şeýle-de saparyň çäklerinde sebitiň ekerançylyk meýdanlaryna, nahalhanalaryna, ýyladyşhanalaryna, tejribehanalaryna barlyp görüldi we tejribeler bilen tanşyldy. Şeýle saparlara gatnaşmaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, beýik işleri rowaç bolsun.

Merdan ŞAMMEDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen 
oba hojalyk uniwersitetiniň ylym bölüminiň başlygy, 
tehniki ylymlaryň kandidaty.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm