GEOMAGLUMAT ULGAMLARYNY OBA HOJALYGYNDA ULANMAGYŇ ÝOLLARY ÖWRENILDI

514
Golaýda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň hem-de Russiýa Federasiýasynyň federal Döwlet býujet ýokary bilim edarasy W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda «Geomaglumat ulgamlarynyň mümkinçiliklerini oba hojalygynda netijeli ulanmaklygyň ýollary» atly tema boýunça onlaýn okuw sapagy geçirildi. Geomaglumat ulgamlary dersinden okuw sapagyny uniwersitetimiziň Maglumat ulgamlary we sanly tehnologiýalar kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Meretmuhammet Hojanepesow geçdi. 
Sapakda oba hojalygynda peýdalanylýan häzirki zaman tehnologiýalarynyň mümkinçilikleri hakynda aýdyldy. Oba hojalygynda ulanylýan maglumat, GIS we GPS tehnologiýalary, maglumatlar bazalary, takyk ekerançylyk hakynda pikir alşyldy. Bellenişi ýaly, takyk ekerançylyk ulgamy ekerançylygyň iň ösen görnüşi bolup, ony durmuşa geçirmek ýörite hünärli işgärleri taýýarlamagy we oba hojalygyny üpjün etmegi talap edýär.
Sapak örän täsirli bolup, oňa gatnaşyjylar özlerini gyzyklandyrýan sowal-jogaplaryny alyşdylar. 
Ýeri gelende bellesek, şu ýyl paýtagtymyzda geçirilen «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäklerinde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Russiýa Federasiýasynyň federal Döwlet býujet ýokary bilim edarasy W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekildi. 

Maýa AMANOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen 
oba hojalyk uniwersitetiniň 
Diller kafedrasynyň 
müdiri, uly mugallym.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm