YLYM-BILIM HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI MASLAHATLAŞYLDY
524Ýakynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Rumyniýanyň Ýassy şäherindäki «Ion Ionescu de la Brad» Durmuş ylymlary uniwersitetiniň arasynda onlaýn okuw maslahaty geçirildi. Onuň barşynda ylym-bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahata ýokary okuw mekdebimiziň wekilleri, şeýle-de «Ion Ionescu de la Brad» Durmuş ylymlary uniwersitetiniň oba hojalyk fakultetiniň dekany, onuň orunbasary we professor-mugallymlary gatnaşdylar. Onda 1842 — 1848-nji ýyllarda rumyn alym agronomy, ykdysatçysy, statistigi we pedagogy Ion Ionesku de la Bradyň ýurtda oba hojalyk biliminiň düýbüni tutuşy we Durmuş ylymlary uniwersitetiniň kemala gelşi hakynda aýdyldy. Bu ýokary okuw mekdebiniň alyp barýan okuw, ylmy işleri bilen tanyşdyryldy.
Bellenişi ýaly, Ýassy şäheriniň abraýly hünär okuw mekdebinde 4 sany — oba hojalyk, bagbançylyk, zootehniki, weterinar lukmançylygy fakultetleri bolup, olarda bakalawrlyk, magistrlik we doktorlyk maksatnamalary boýunça hünärmenler taýýarlanýar.
Şeýle-de maslahatda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň alyp barýan işleri we hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy. Oňa gatnaşyjylar geljekde hem ikitaraplaýyn bähbitli gatnaşyklaryň ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Bahar ŞAMÄMMEDOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň jemgyýeti öwreniş
ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy.