HYTAÝYŇ ÝÜPEKÇILIK TEJRIBESI HAKYNDA PIKIR ALŞYLDY
541Adatdaky bolşy ýaly, geçen şenbede S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde professor-mugallymlaryň, talyp ýaşlaryň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň degişli hünärmenleriň Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň netijelerine, onuň barşynda öwrenilen tejribelere bagyşlanan ylmy-tejribe duşuşygy geçirildi. Duşuşykda «Berk teker» hususy kärhanasynyň hünärmeni Eziz Gurbanow Beýik Ýüpek ýolunyň başlanýan ýeri bolan Hytaýyň ýüpekçilik tejribesiniň aýratynlyklary, olary ýurdumyzda ornaşdyrmak hem-de tut agaçlarynyň we ýüpek gurçuklarynyň ösdürilip ýetişdirilişi barada gürrüň berdi.
Hünärmen hytaý tejribesine laýyklykda, tut ýüpek gurçuklarynyň ösüşiniň dowamynda dürli ýaşlarda aýratyn jaýlarda saklanylýandygyny belledi. Ýöriteleşdirilen jaýlar çyglylygy, temperaturany we beýleki şertleri sazlaýjy ulgam arkaly kadalaşdyrylýar. Ýüpekçilik fabriklerinde işler awtomatlaşdyrylan tehnikalar, sanly ulgam arkaly çalt hem-de netijeli ýerine ýetirilýär.
Ýüpek gurçuklaryna kiçi ýaşlarda tut ýapraklary üwelip berilýär. Şeýle edilmegi olaryň iýmiti gowy özleşdirmegine hem-de ýapraklaryň zaýalanmazlygyna ýardam berýär. Ýüpek gurçuklarynyň bölüp çykarýan maddalary, galyndylary kömelek ösdürilip ýetişdirilende ulanylýar. Bu bolsa galyndysyz önümçiligiň amala aşyrylmagyna uly şert döredýär.
Geçirilen ylmy-tejribe duşuşygynyň dowamynda Hytaý Halk Respublikasynyň Günorta-Günbatar uniwersitetiniň talyby Akmyrat Berdiýew ýüpek gurçuklarynyň biologiýasy, ýüpekçilik fabrikleriniň işleýşi, innowasion tehnologiýalar arkaly ýüpekçiligiň netijeliligini artdyrmagyň mümkinçilikleri dogrusynda çykyş etdi.
Ýüpek gurçugynyň iýmiti bolan tut agajynyň ýapraklarynyň düzüminde, esasan, uglerod, kislorod, wodorod we azot ýaly himiki elementler bar. Olar dürli birleşmeleri emele getirýär. Ýüpek gurçugynyň iýmitlenýän döwründe beloklar, ýaglar, uglewodlar, duz, suw ýaly maddalar energiýa çeşmesidir. Şeýle hem olar ýüpek gurçugynyň dokumasynyň gurluşy üçin başlangyç material bolup hyzmat edýär.
Maslahat duşuşygynda çykyşlar tamamlanandan soňra oňa gatnaşyjylar ýüpekçiligiň milli we halkara tejribeleri barada özara pikir alyşdylar.
Sülgün GARAJAÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň oba hojalygynyň guralyşy we
dolandyrylyşy kafedrasynyň uly mugallymy.