HASYL TOÝY ULY RUHUBELENTLIGE BESLENDI

549
11-nji noýabrda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň döwlet sylaglaryny hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak dabarasy toý şatlyk-şowhunyna beslendi. Oňa döwlet sylaglaryna mynasyp bolan edermen hasyl ussatlary, merdana oba zähmetkeşleri, oba hojalykçy alymlar, hünärmenler, uniwersitetiň professor-mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Bu ýerde ýürek buýsanjyny beýan edip çykyş edenler Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda täze eýýamymyzyň galkynyşlarynyň, ösüşleriniň, rysgal-döwletliligiň baýramy hökmünde giňden, dabaraly bellenýän Hasyl toýy bilen döwlet Baştutanymyzy, Gahryman Arkadagymyzy we ähli halkymyzy tüýs ýürekden gutladylar. 
Dabara ýokary okuw mekdebiniň «Altyn asyr» medeniýet merkeziniň çeper höwesjeňleriniň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary bilen dowam etdi. Onda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ruhy joşguny öz beýanyny tapyp, bereketli türkmen topragynyň rysgalynyň, halal zähmetiň waspy ýetirildi.
Soňra döwlet sylaglaryna mynasyp bolan edermen daýhanlar uniwersitetiň halypa mugallymlary we talyp ýaşlary bilen «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlige gatnaşdylar. Olar söhbetdeşligiň barşynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek, eziz Diýarymyzy bereket mekanyna öwürmek ugrundaky tagallalaryna, daýhanlaryň halal zähmeti bilen baýamagy üçin döredýän ajaýyp mümkinçiliklerine müň keren alkyş aýtdylar. Söhbetdeşlikden soňra olar uniwersitetiň Haýwanat dünýäsi muzeýine aýlanyp gördüler hem-de daşky gurşawy, biodürlüligi goramak boýunça alnyp barylýan işler, ýurdumyzda duş gelýän haýwanat dünýäsiniň görnüşleri barada gyzykly maglumatlary aldylar.
Baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylar S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Hasyl toýy mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ýaş alymlarynyň we talyp ýaşlarynyň arasynda geçirilýän «Ylymly ýaşlar döwletimiziň geljegi» atly oba hojalygy bilen baglanyşykly ylmy işleriň we taslamalaryň bäsleşigine hödürlenen işler bilen hem tanyşdylar. 
Şeýle-de şol gün Hasyl toýy mynasybetli S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mejlisler zalynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda ýetilen sepgitler we öňde durýan möhüm wezipeler» atly ylmy-amaly maslahatynyň esasy mejlisi açyldy. Soňra ylmy-amaly maslahatyň işi uniwersitetde «Ýurdumyzyň oba hojalygynda geçirilýän özgertmeler we oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň ylmy esaslary» atly bölümde dowam edip, onda oba hojalyk ylymlarynyň ösdürilişi hakynda pikir alşyldy. 

Kerwenmyrat ORAZBERDIÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen 
oba hojalyk uniwersitetiniň weterinar 
lukmançylygy fakultetiniň weterinar 
lukmançylygy hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52