YLMY IŞLERIŇ WE TASLAMALARYŇ SERGI BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

453
11-nji noýabrda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Hasyl toýy mynasybetli «Ylymly ýaşlar — döwletimiziň geljegi» atly oba hojalygy bilen baglanyşykly ylmy işleriň we taslamalaryň sergi bäsleşigi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň birnäçe ýokary okuw mekdebi gatnaşyp, jemi 74 sany ylmy iş we taslama hödürlendi. Ýaş alymlar oba hojalygy we daşky gurşawy goramak bilen baglanyşykly dürli ugurlara degişli ýerine ýetirýän işleri boýunça çykyş etdiler. Ylmy taslama işleriniň sergisinde oba hojalygy bilen baglanyşykly ylymda, durmuşda ulanylýan tehnikanyň we tehnologiýanyň derejelerini şöhlelendirýän enjamlar, mehanizmleriň görnüşleri, tehniki işläp düzmeler, taslamalar görkezildi.
«Ylymly ýaşlar — döwletimiziň geljegi» atly ylmy işleriň we taslamalaryň sergi bäsleşiginde «Elektron sanly ýer kadastry kartasynyň düzülişi we ulanmagyň mümkinçilikleri» atly ylmy işi bilen işjeň gatnaşyp, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Sapargeldi Guwanjow I orna mynasyp boldy. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary Arslan Toýjanow, Akmyrat Ýazmyradow hem-de S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby Muhammetnazar Çaryýew II orny eýelediler. Bäsleşikde Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby Aýlar Gurbanowa, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary Pirguly Öwezow, Maksat Kakajanow bilelikde ýerine ýetiren ylmy işiniň taslamasy bilen, şeýle-de, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplary Ýusup Guwanjow hem-de Hekim Annagurbanow bilelikde alyp baran ylmy işi bilen III orna mynasyp boldular. 
Döwlet we halkara derejede geçirilýän bäsleşiklere gatnaşyp, öňdäki orunlary eýelemäge, ylym we döredijilik dünýäsinde belent sepgitlere ýetmäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys!

Astanberdi DŽEPBAROW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň weterinar lukmançylygy
fakultetiniň weterinar lukmançylygy 
hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm