HASYL TOÝY MYNASYBETLI ONLAÝN OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
7312023-nji ýylyň 9-njy noýabrynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Hasyl toýy mynasybetli «Miweli baglary sapmaklygyň usullary» temasy boýunça onlaýn okuw sapagy geçirildi. Oňa S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň hem-de Türkmen oba hojalyk institutynyň professor-mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Ýurdumyzda giňden bellenýän Hasyl toýunda türkmen bagbanlarynyň ýetişdiren bol miweleri toý desterhanymyzyň bezegidir. Okuw sapagynda bellenişi ýaly, bereketli miwe hasyly bagbanlaryň çekýän ylmy esasly zähmetiniň netijesi bolup, bagbançylykda miweli baglary sapmak arkaly köpeltmäge aýratyn ähmiýet berilýär.
Onlaýn sapagynda Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde alnyp barlan «Miweli baglaryň ýokary hasylly sortlarynyň nahallaryny köpeltmegiň usullaryny işläp düzmek» atly tema boýunça ylmy-barlag işiniň netijeleri hem aýdyldy. Onuň çäginde çigitli we şänikli baglaryň botaniki, biologiki we hojalyk alamatlaryna gözegçilik etmek hem-de ýazga geçirmek işleriniň netijesinde, hojalygyň toprak-howa şertlerinde bu görnüşleriň gymmatly alamatlary kesgitlendi. Miweli baglary dürli usullarda, şol sanda sapmak arkaly köpeltmek geljegi bar bolan usullaryň biri bolup, ol nahallaryň ýokary hilli bolmagyny üpjün edýär.
Umuman, sapaga gatnaşanlar miweli baglaryň nahalhanasynda alnyp barylýan işler, pyntyk we çybyk bilen sapmagyň usullary, munuň üçin görnüşleri saýlap almak, sapylan nahallara ideg etmek, bagbanyň iş gurallary hakynda bilim-tejribeleri özleşdirdiler.
Toýly ATAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
agroekologiýa fakultetiniň tokaý we seýil bag
hojalygy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.