«MAGTYMGULY PYRAGY — AKYL UMMANYNYŇ BEÝIK DANASY» ATLY ONLAÝN BÄSLEŞIK GEÇIRILDI

390
2023-nji ýylyň 1-nji noýabrynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli bilim portalynyň mümkinçilikleri peýdalanylyp, «Magtymguly Pyragy — akyl ummanynyň beýik danasy» atly bäsleşik geçirildi. Ony guraýjylaryň nygtaýşy ýaly, Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny talyp ýaşlaryň arasynda wagyz etmek boýunça dürli çäreleriň, döredijilik we zehin bäsleşikleriniň geçirilmegi ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde, beýik akyldaryň döredijiligi bilen içgin tanyşdyrmakda uly ähmiýetlidir.
Bäsleşige gatnaşyjylar uniwersitetde döredilen şertlerden, ýagny elektron bilim gorundan, elektron kitaphanadan, içki tor ulgamyndan, sanly bilim portalynyň mümkinçiliklerinden peýdalandylar. 
Gyzykly geçen bäsleşikde Oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy fakultetiniň Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby Sadap Ärniýazowa I orna, Gidromeliorasiýa fakultetiniň Ýer gurluşygy we kadastry hünäriniň 3-nji ýyl talyby Aýtäç Rahymowa, Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň Ösümlik ýagyny öndürmek hünäriniň 3-nji ýyl talyby Aýnur Artykowa II orna, Agronomçylyk fakultetiniň Bagbançylyk, Miweçilik we gök ekerançylyk hünäriniň 3-nji ýyl talyby Orazgeldi Hojaşow, Oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy fakultetiniň Ykdysadyýet (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby Döwletmämmet Aşyrmämmedow dagy III orna mynasyp boldy. Ýeňijilere uniwersitetiň rektorlygy we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan Hormat hatlary, şeýle-de gowy netijeleri görkezenleriň ençemesine höweslendiriji baýraklar gowşuryldy, kitaplar sowgat berildi.

Öwezmuhammet ÝAZMUHAMMEDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen 
oba hojalyk uniwersitetiniň Oba hojalygynyň 
mehanizasiýasy fakultetiniň Oba hojalygyny 
mehanizmleşdirmek hünäriniň 5-nji ýyl talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm