UNIWERSITETIMIZ «BEREKETLI TOPRAK» GAZETINDE MYHMANÇYLYKDA
434Her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde döwlet derejesinde Hasyl toýy tutulýar. Ýurdumyzyň agrosenagat pudagynyň zähmetkeşleri Hasyl toýuny mynasyp zähmet ýeňişleri, üstünlikli netijeler bilen garşylamak üçin yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmekde kämil hünärmenleri ýetişdirýän baýry ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti Hasyl toýunyň bosagasynda «Bereketli toprak» gazetinde myhmançylykda bolup, ýokary okuw mekdebimiziň tejribeli mugallymlarynyň alyp barýan asylly işleri hem-de toprak, ekin ekmek, ýokary hasyl almagyň ugurlary baradaky makalalaryndan düzülen sahypasy gazetiň 2023-nji ýylyň 8-nji noýabryndaky sanynda okyjylara ýetirildi.
Bu sahypada Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiri Hemra Kakajanowyň «Harmanyňyza bereket — ömrüňize bereket!» Ekerançylyk kafedrasynyň müdiri Laçyn Ahmedowanyň «Miweli baglaryň nahallaryny köpeltmegiň usullary», şol kafedranyň mugallymy Ýagmyr Orazowyň «Hasyl toýy — abadançylygyň baýramy» atly makalalary ýerleşdirilipdir.
Baýramçylyk sahypasynda ata-babalarymyzyň ekerançylyk bilen baglanyşykly däp-dessurlary giňişleýin beýan edilýär. Onda ekina:hyr, orak salmak, orak, maňňal, aňňal, çaluw, täheki, desse taşlamak, desse çekmek, harman, döwek, döwekçi, nerme, aýak salmak, harman atmak, ba:dyger (atymçy), kürek, ti:r gaby, bereket kesegi ýaly düşünjeleriň getirilmegi örän täsirlidir. Ekin ekmek, harman almak bilen bagly milli däplerimiz biziň günlerimizde-de dowam etdirilýär. Ata-babalarymyzdan miras galan Hasyl toýuny toýlamak Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwrebap däpler bilen baýlaşdyrylýar.
Perman KAKAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň oba hojalyk
önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň
dänäni gaýtadan işlemek hünäriniň
4-nji ýyl talyby.