«TÜRKMEN ALABAÝY — HALKYMYZYŇ MILLI GYMMATLYGY» ATLY YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI

533
Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli ýokary okuw mekdebimizde «Türkmen alabaýy — halkymyzyň milli gymmatlygy» atly professor-mugallymlaryň, aspirantlaryň, hünärmenleriň we talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda ylmy-amaly maslahat geçirildi. Onuň umumy mejlisinde we bölümlerinde türkmen alabaýlarynyň wepalylygy, batyrlygy, ýetişdirilişi we idedilişi, milli itşynaslyk mekdebiniň ylmy esaslary hakynda çykyşlar diňlendi.
Bellenişi ýaly, ata-babalarymyzyň uzak asyrlaryň dowamynda kämillik derejesine ýetirip, dünýä medeni ulgamyna goşan milli gymmatlyklarynyň hatarynda türkmen alabaýlary aýratyn orun eýeleýär. Olar türkmen halkynyň durmuşynda her bir öý-ojagyň, süriniň abadançylygynyň goragçysy hasaplanýar.
Maslahatda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabyndaky alabaýlaryň ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlygydygy, ony gorap saklamagyň, ähli ajaýyplygy bilen geljek nesillerimize ýetirmegiň biziň borjumyzdygy hakyndaky pikir-garaýyşlaryny buýsanç bilen nygtadylar. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde açylan kinologiýa taýýarlyk ugrunda ylym-bilimli talyp ýaşlary okatmak boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýetine üns çekildi. 
«Türkmen alabaýy — halkymyzyň milli gymmatlygy» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar milli gymmatlyklarymyzyň sergisi bilen hem tanyşdylar. Olary has-da belende galdyrmakda we dünýä ýaýmakda, milli itşynaslyk düzümini kämilleşdirmekde döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýtdylar. 

Mähri IŞANGULYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen 
oba hojalyk uniwersitetiniň Jemgyýeti 
öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm