UNIWERSITETIMIZIŇ MUGALLYMY HALKARA BÄSLEŞIKDE ÝEŇIJI BOLDY

777
Golaýda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, Bilim ministrliginiň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň guramagynda ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça «Ýokary tehnologiýalar we innowasion işläp taýýarlamalar» atly halkara bäsleşik geçirildi. Dokuz ugur boýunça geçirilen bu halkara bäsleşige S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy Kadyr Amanow işjeň gatnaşyp, III orna mynasyp bolmagy başardy. Ol bäsleşige «Oba hojalygynda ekologiýa taýdan arassa organomineral dökünleri almagyň netijeli we tygşytly usullary» diýen temada alyp baran ylmy işi bilen gatnaşdy.
Bu ylmy işde organiki hem-de mineral maddalaryň birleşmesi bolan daşky gurşawa zyýansyz organomineral dökünleri almagyň amatly usullary işlenip düzüldi. Bu bolsa oba hojalyk ekinleri ösdürilip ýetişdirilende ekologiýanyň hapalanmazlygyna, topragy goramaga mümkinçilik berýär.
Halkara bäsleşik iki tapgyrda geçirilip, birinji tapgyrda ylmy-barlag işleri seljerilip, ýerine ýetirilen işleriň wajyplygyna baha berildi. Ikinji tapgyrda awtorlar çykyş edip, ylmy işleriniň mazmunyny doly açyp görkezdiler. Halkara bäsleşigiň ýeňijileri Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary, gymmat bahaly sowgatlar hem-de diplomlar bilen sylaglandy.
Ýaş alymlardyr mugallymlaryň döredijilikli işlemeklerine döredip berýän uly mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys!

Jahan ORAZGELDIÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň oba hojalyk önümlerini gaýtadan
işlemek fakultetiniň miwe-gök önümlerini
gaýtadan işlemek hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52