BENTONIT ESASLY BIODÖKÜNLER BARADA GEÇIRILEN YLMY-TEJRIBE DUŞUŞYGY
630Geçen şenbede S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde professor-mugallymlaryň, talyplaryň, hünärmenleriň we beýleki myhmanlaryň gatnaşmagynda ylmy-tejribe duşuşygy geçirildi. Bu ylmy-tejribe duşuşygynyň temasy bentonit esasly biodökünler hakynda boldy. Duşuşykda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Ýewgeniý Barabasow birnäçe tejribeleriň, ylmy barlaglaryň netijesinde alnan organomineral dökünler hem-de olary ekerançylykda peýdalanmagyň ähmiýeti barada çykyş etdi.
Hünärmen düzümi towuk dersinden, bentonit topragyndan we seolit magdanyndan ybarat bolan organomineral döküni almagy başarandygyny belledi. Bu tebigy dökün bilen bagly birnäçe ylmy barlaglar, tejribeler yzygiderli geçirilendir. Olara laýyklykda, organomineral dökün ähli ösümliklerde peýdalanmaga ýaramlydyr. Ol topragy gurplandyryjy, bellibir derejede çyglylygy özünde saklap, suwy tygşytlaýjy, ösümlik kökleriniň kadaly ösmegine ýardam berýän dökün bolup hyzmat edýär. Ekin ekiljek 1 ga meýdana 30 tonna organiki dökün berilýär. Toprak kadaly ýagdaýda organomineral dökünler bilen dökünlenilse, onda bol hasyl almaga mümkinçilik döreýär.
Telekeçiniň bellemegine görä, alnan organomineral dökün önümçilikde ulanyldy. Bu dökün geçirilýän halkara sergilerde görkezilip, ýokary baha mynasyp bolýar. Şeýle-de organomineral döküne Katar Döwleti tarapyndan hem uly gyzyklanma bildirilýär.
Ylmy-tejribe duşuşygynyň dowamynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy Kadyr Amanow «Ekologiki arassa organomineral dökünleriň netijeli we tygşytly usulda alnyşy» atly ylmy işi hakynda gürrüň berdi.
Mugallymyň aýtmagyna görä, guş dersiniň gaýtadan işlenilmegi netijesinde ekologik arassa organomineral dökünleriň alnyş usulyny işläp düzmekde çig mal hökmünde broýler towugynyň dersi, Magdanly-Köpetdag sebitiniň Durnaly meýdançasynyň fosforit magdany ulanylýar. Bu organomineral döküni topragyň ähli görnüşlerinde ulanyp bolýar. Bir ýyl peýdalanylan dökün diňe şol ýyla däl, 3-4 ýyllyk hasyla hem täsirini ýetirip biler. Üstesine-de, ol topragy iýmit maddalary bilen baýlaşdyrýar. Käbir dökünleri suw toprakdan ýuwup, aýryp bilýär, ýöne organomineral dökünler babatynda beýle däldir. Organomineral dökün toprakda gumus ýetmezçiligini aradan aýyrmak, hasylyň mukdaryny artdyryp, hilini ýokarlandyrmak, daşamak we satmak babatynda amatlylyk döredýär. Ol daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutmaga mümkinçilik berýär.
Geçirilen ylmy-tejribe duşuşygynyň dowamynda organomineral dökünler babatynda birnäçe sowal-jogap alşyldy. Bu dökünlere islegiň artandygy, olary birnäçe alymlaryň öwrenýändigi, dökünleriň miwe we gök önümlerini ösdürip ýetişdirmekde giňden ulanylýandygy nygtalyp geçildi.
Jumamyrat GAÝYPOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň oba hojalyk önümlerini gaýtadan
işlemek fakultetiniň miwe-gök önümlerini gaýtadan
işlemek hünäriniň 4-nji ýyl talyby.