TÜRKMENISTANYŇ WEKILLERI ÝÜPEK ÝOLUNYŇ UNIWERSITETLER BILELEŞIGINIŇ FORUMYNA GATNAŞDYLAR

631
7 — 9-njy oktýabrda Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde Ýüpek ýolunyň uniwersitetler bileleşiginiň «Täze tehnologik özgertmeler döwründe ýokary bilimde ösüşler we innowasiýalar» atly forumy geçirildi. Oňa Italiýa, Fransiýa, Russiýa Federasiýasy, Özbegistan, Gazagystan, Pakistan, Ýaponiýa, Serbiýa, Gyrgyzystan, Kanada ýaly döwletlerden, şol sanda Türkmenistandan ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, prorektorlary we ylmy işgärleri gatnaşdylar. Bu foruma ýurdumyzdan S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň wekilleri gatnaşdylar. 
 Häzirki wagtda dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan 181 uniwersitet Ýüpek ýolunyň uniwersitetler bileleşigine agzadyr. Onuň esasy maksady Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr.
Hytaýyň Sian şäherindäki Sian Jiaotong uniwersitetinde geçirilen hem-de dünýäniň 50 sany ýokary okuw mekdebinden 160 wekili özünde jemlän maslahatda ildeşlerimiz ýokary bilimde innowasion tejribe we sanly tehnologiýa, Arkadag şäherinde «akylly» tehnologiýalary ornaşdyrmakda gazanylanlar hakynda gürrüň berdiler.
Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Beýik Ýüpek ýoly geçmişde yklymlary birleşdiripdir. Türkmenistan bu halkara söwda-medeni ýoluň ýüregi — hereketlendiriji güýji hökmünde taryhyň sahnasynda esasy orny eýeledi. Täzeden dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň üsti bilen alşylýan bilim-tejribeler, medeni gatnaşyklar bilelikde belent sepgitlere ýetmäge ýardam edýär.

Mähri HOJAMUHAMMEDOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen 
oba hojalyk uniwersitetiniň oba 
hojalygynda buhgalter hasaby we 
audit kafedrasynyň mugallymy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm