GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ TÄZE KITABY TANYŞDYRYLDY

503
14-nji oktýabrda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işiniň 15-nji jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Dabarany uniwersitetiň gidrotehniki desgalar kafedrasynyň müdiri, professor Italmaz Saparlyýew alyp bardy. Ilki bilen, ýokary okuw mekdebimiziň rektory çykyş edip, Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň günündäki hoş habaryň — türkmen halkynyň Milli Lideriniň täze kitabynyň çapdan çykmagynyň ählimizi buýsandyrandygyny, hünär baýramyna ajaýyp sowgat bolandygyny belledi.
«Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara forumyň çäklerinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işiniň 15-nji jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler we milli fitoterapiýa baradaky bu ylmy-ensiklopedik iş dünýäniň köp dillerinde neşir edilip, millionlarça okyjylara elýeterli boldy, lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça hünärmenleriň gollanmasyna öwrüldi.
Bellenişi ýaly, bu eser beýleki ylymlaryň, şol sanda oba hojalyk ylmy-barlaglarynyň hem ösdürilmeginde aýratyn ähmiýetlidir. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitaplarda getirilýän dermanlyk önümleri azyk senagatynda, mal lukmançylygynda we beýleki ugurlarda peýdalanmagyň mümkinçilikleri öwrenilýär. Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleriniň ösdürilip ýetişdirilişini, goralyşyny, peýdalanylyşyny ylmy esasda öwrenmekde oba hojalykçy alymlarymyzyň öňünde hem möhüm wezipeler kesgitlenýär. 
Şeýle gymmatly gollanmany peşgeş berendigi üçin Gahryman, alym Arkadagymyza köp sagbolsun aýdýarys, ajaýyp ylmy, çeper eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny arzuw edýäris. 

Ýakup JUMANYÝAZOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 
dokma önümçiligi fakultetiniň mata önümçiligi hünäriniň 1-nji ýyl talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm