MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ ŞYGYRLARYNY ÇEPER OKAÝYŞ BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI
668Ýakynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyplarynyň arasynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli akyldar şahyryň goşgularyny labyzly okamak boýunça bäsleşik geçirildi. Oňa ähli fakultetleriň talyplary işjeň gatnaşdylar.
Talyplar akyldaryň watançylyk, gaýratlylyk, sahawatlylyk, halallyk, päklik, lebzihalallyk, dosta wepalylyk, ynsanperwerlik ýaly temalardaky goşgularyny hyjuwly, uly joşgun bilen ýatdan aýtdylar. Bäsleşikde nygtalyşy ýaly, Magtymguly Pyragynyň paýhas ummany, dürdäne döredijiligi her bir ynsan, aýratyn-da, ýaş nesil üçin nusgalyk terbiýe mekdebidir. Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda milli ruh, milli duýgular ynsanyň adamkärçilik sypatlaryny kesgitleýär. Şahyryň döredijiliginde il-günüň abadançylygy, erkinligi, agzybirligi belent wasp edilýär.
Bäsleşik ýokary guramaçylykly, gyzykly geçdi. Onuň şertlerine görä, weterinar lukmançylygy fakultetiniň talyby Begenç Baýramow I orna, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň talyby Nury Sakçyýew we dokma önümçiligi fakultetiniň talyby Leýli Atçaparowa II orna, agronomçylyk fakultetiniň talyby Aşyrgeldi Halmaýew, oba hojalygynyň mehanizasiýasy fakultetiniň talyby Ybraýym Garaýew, gidromeliorasiýa fakultetiniň talyby Aýtäç Rahymowa dagy III orna mynasyp boldy. Ýeňijiler I, II, III derejeli diplomlar bilen sylaglandylar.
Nurmuhammet JUMAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalyk uniwersitetiniň weterinar
lukmançylygy fakultetiniň kinologiýa
taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby.