ÝÜPEKÇILIK WE TUT AGAJY HAKYNDA YLMY-TEJRIBE DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

643
Golaýda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde professor-mugallymlaryň, talyplaryň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň hünärmenleriniň, şeýle-de beýleki myhmanlaryň gatnaşmagynda ylmy-tejribe duşuşygy geçirildi.
Nobatdaky duşuşygyň temasy ýüpekçilik we tut agajy barada boldy. Ilki bilen, ylmy-tejribe duşuşygynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň hünärmeni biotehnologiýa ylmy-barlag tejribehanasy hem-de onda alnyp barylýan işler dogrusynda maglumat berdi. Bu ylmy-barlag tejribehanasynda biotehnologiýa, azyk önümçiligi, oba hojalygynyň dürli ugurlary babatda birnäçe ylmy işler geçirilýär. Şeýle ylmy barlaglaryň biri-de Swetlana Nikolaýewnanyň ýüpek gurçugyndan ýylyň dowamynda birnäçe ýola pile almak boýunça geçirýän ylmy-barlag işidir. Häzirki wagtda ýüpek gurçuklaryndan iýun hem-de aprel aýlarynda pile alnyp, bu ylmy barlaga laýyklykda, bir ýylda 4 tapgyrda pile almak meýilleşdirilýär. Bu ylmy işiň başga bir aýratynlygy ýüpek gurçuklarynyň iýmitlendirilişiniň tapawutlanýandygy, ýagny olaryň diňe bir tut ýapraklary bilen däl-de, maklýura ýaly agaçlaryň ýapraklary bilen hem iýmitlendirilýändigi bolup durýar.
Hünärmeniň aýtmagyna görä, häzirki wagtda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde pile almak işiniň möçberini artdyrmak bilen birlikde, piläniň gurjagyndan bejeriş ähmiýetli melhemi taýýarlamak boýunça hem ylmy iş alnyp barylýar. Şeýle hem piläni kosmetikada peýdalanmak boýunça ylmy gözlegler yzygiderli dowam etdirilýär.
Ylmy-tejribe duşuşygynyň dowamynda «Berk teker» hususy kärhanasynyň hünärmeni Eziz Gurbanow ýüpek gurçuklaryny we tut agajyny ösdürip ýetişdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň yzygiderliligi dogrusynda gürrüň berdi. Hünärmeniň bellemegine görä, häzirki wagtda üç tapgyrda pile alnyp, ony ýene-de köpeltmek göz öňünde tutulýar.
Ýüpek gurçuklary 10 günüň dowamynda oýanýar. Birinji günde howanyň temperaturasy 16 oC bolup, çyglylyk 45 %-e deň bolmalydyr. Ýüpek gurçugynyň ösüşi bilen baglylykda, soňky günlerde howanyň temperaturasy 25 oC we çyglylygy 80 %-e çenli artdyrylýar.
«Berk teker» hususy kärhanasynyň hünärmeni Eziz Gurbanowyň aýtmagyna görä, ýüpek gurçuklarynyň iýmite bolan talabyny ödemek üçin, hytaý we ýerli tut agaçlary ösdürilip ýetişdirilýär. Hytaý tudunyň ýapraklary, ýerli tuduňkydan tapawutlylykda, uly diametrli bolýar. Bu bolsa bir tut agajyndan ep-esli mukdarda ýaprak almaga mümkinçilik berýär. Ýöne hytaý tut agajynyň ýapraklary näzik bolup, ýiti Gün şöhlelerine we sowuga çydamsyzdyr.
Ýerli tut agaçlary ýurdumyzyň howa şertlerine doly uýgunlaşandyr. Onuň ýapraklary birneme galyň bolup, yssy howada hem-de sowukda özüniň durnuklylygyny saklaýar. Bu bolsa ýüpek gurçuklaryny iýmit bilen doly üpjün etmäge mümkinçilik berýär.
Ylmy-tejribe duşuşygynyň dowamynda hünärmenler hem-de mugallymlar ýurdumyzda ýüpekçiligi ösdürmek boýunça ylmy barlaglaryň dokma senagatyna uly goşant boljakdygyny nygtadylar.

Baýrammyrat GURBANMYRADOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
 uniwersitetiniň oba hojalyk önümlerini gaýtadan
işlemek fakultetiniň dänäni gaýtadan işlemek
hünäriniň 5-nji ýyl talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52