ÝOKARY OKUW MEKDEBIMIZIŇ HALKARA HYZMATDAŞLARYNYŇ SANY ARTÝAR

511
Paýtagtymyzda geçirilen «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäklerinde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Russiýa Federasiýasynyň federal Döwlet býujet ýokary bilim edarasy W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekildi.
Ýurdumyza saparynyň çäklerinde W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetiniň halkara iş boýunça prorektory A.G.Fadina S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň ýolbaşçylary we professor-mugallymlary bilen duşuşdy. Myhman uniwersitet hem-de onda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek, onlaýn okuwlary guramak, «tegelek stollary» geçirmek, bilelikde ylmy işleri alyp barmak, ikitaraplaýyn bähbitli işleriň meýilnamalaryny düzmek barada gürrüň edildi.
Rus inženeri, taryhçysy, geografy, ykdysatçysy we döwlet işgäri Wasiliý Nikitiç Tatişewiň adyny göterýän bu bilim ojagy Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň Astrahan şäherinde ýerleşýär. Ol 1932-nji ýylda esaslandyryldy.
Şu ýyl S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Gürgen Oba hojalyk ylymlary we tebigy serişdeler uniwersitetiniň arasynda hem bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. 
Häzirki wagtda ýokary okuw mekdebimizde daşary ýurtlaryň hünärmenleri taýýarlamakda ugurdaş abraýly ýokary okuw mekdepleriniň 15-si hem-de öňdebaryjy kompaniýalarynyň, assosiasiýalarynyň, botanika bagynyň we ylmy-barlag merkezleriniň 6-sy bilen bilim, ylym we innowasiýalar babatda özara bähbitli hyzmatdaşlyk çäreleri yzygiderli geçirilýär.

Aýlar DERMANKULOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen 
oba hojalyk uniwersitetiniň 
dokma önümçiligi fakultetiniň 
mata önümçiligi hünäriniň 
1-nji ýyl talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm