Uniwersitetimiz halkara foruma gatnaşdy

613
10 — 12-nji oktýabrda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilen «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşdy.
Ýokary okuw mekdebimiziň diwarlygynda oba hojalygynyň dürli ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlamakda alnyp barylýan işler, agrosenagat toplumyny ylmy esasda ösdürmek boýunça ylmy-barlaglaryň miweleri, bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň ösüşi hakynda  maglumatlar beýan edildi. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary, täze oba hojalyk edebiýatlary, oba hojalygynda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden, sanly tehnologiýalardan peýdalanmak bilen baglanyşykly maketler, «Akylly» ýyladyşhana» programma üpjünçiliginiň taslamasy görkezildi. Şeýle-de sergä gatnaşyjylar uniwersitetiň talyplarynyň ýurdumyzda we halkara derejede geçirilen bäsleşiklerde gazanan üstünlikleri, şol sanda diplomlarydyr medallary bilen tanyşdyryldy.
Bu foruma gatnaşyjylar bilim ojagymyzyň alyp barýan işlerine uly gyzyklanma bildirdiler hem-de ýokary baha berdiler. Ol saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamyndaky täze tehnologiýalardyr önümler bilen tanyşmak, bu ugurlarda tejribe alyşmak üçin giň mümkinçilikleri döretdi.

Amanmyrat ATAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen 
oba hojalyk uniwersitetiniň Maglumat 
ulgamlary we sanly tehnologiýalar 
kafedrasynyň uly mugallymy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm