GARAŞSYZ TÜRKMENISTANYŇ OBA HOJALYGYNDA YLMY GAZANYLANLAR

610
Golaýda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň, aspirantlarynyň we talyp ýaşlarynyň «Garaşsyz Türkmenistanyň oba hojalygynda ylmy gazanylanlar» atly ylmy makalalarynyň ýygyndysynyň I goýberilişi çap edilip, giň okyjylar köpçüligine ýetirildi. Bu kitap Türkmen döwlet neşirýat gullugynda taýýarlanyp, uniwersitetimiziň çaphanasynda çap edildi.
Kitapda Garaşsyzlyk ýyllarynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda, oba hojalygynyň ylmy esasda ösdürilýändigi, Oba milli maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi, muňa Garaşsyz Türkmenistanyň oba hojalygynda ylmy gazanylanlaryň hem aýdyň şaýatlyk edýändigi nygtalýar. Täze neşire Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny özgertmek bilen baglanyşykly alnyp barlan ylmy-barlag, amaly-önümçilik işleri, şeýle hem tebigy, takyk we ynsanperwer ugurlarda ýerine ýetirilen ylmy işler hakynda makalalar girizildi.
Kitap «Himiýa, biologiýa, agronomçylyk we tokaý hojalygy ylymlary», «Zootehniýa we weterinariýa ylymlary», «Maglumat tehnologiýalary we ykdysady ylymlar», «Azyk önümleriniň we dokma senagatynyň tehnologiýalary ylymlary», «Oba hojalygynda meliorasiýa we mehanizasiýa ylymlary», «Taryh, arheologiýa, filologiýa, pedagogika ylymlary» atly jemi 6 bölümden, 656 sahypadan ybarat. Olarda ýerleşdirilen ylmy makalalardan ýokary okuw mekdebinde we onuň garamagyndaky ylmy-önümçilik merkezlerinde, şol sanda Botanika bagynda alnyp barlan ylmy işleriň netijeleri bilen tanyşmak mümkin.
Täze kitap Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oba hojalyk syýasatynyň ylmy esaslaryny açyp görkezmek bilen, beýik Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygyna mynasyp sowgat boldy. 

Begmyrat HÖWEZOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen 
oba hojalyk uniwersitetiniň weterinar 
lukmançylygy fakultetiniň atçylyk 
hünäriniň 5-nji ýyl talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm